Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda Karaşew premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetirer


Şenbe güni Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary Aly Karaşew premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde wezipä bellenildi. Bu baradaky permana şu gün ýurduň prezidenti Almazbek Atambaýew gol çekdi.

Bu wakanyň öňýany ýurduň dolandyryjy koalisiýasynyň dargamagynyň yzy bilen, ozalky premýer-ministr Ömürbek Babanow wezipesinden çekilipdi.

Ýakynda, 22-nji awgustda Gyrgyzystanyň dolandyryjy koalisiýasyndaky iki partiýanyň koalisiýadan çykmagy netijesinde ýurduň hökümeti dargapdy.

Ozalky koalisiýanyň düzümindäki bu partiýalar Ömürbek Babanowy koalisiýanyň içerki ylalaşyklaryny ýerine ýetirmeýänlikde aýyplapdylar.
XS
SM
MD
LG