Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde Täjigistanyň raýatlary 40 kilogram geroin bilen ele salyndy


Çarşenbe güni Orsýetiň Neşä gözegçilik boýunça döwlet edarasy Perm şäherinde Täjigistanyň iki raýatyny saklandygyny yglan etdi.

Täjigistanlylaryň ulagynda 40 kilogram möçberinde güýçlendirilen geroin tapylypdyr. Resmiler geroinyň ulagyň benzin bagynda alkogolsyz içgileriň çüýşelerine gaplanandygyny aýtdylar.

Häkimiýetleriň sözlerine görä, güýçlendirilen geroin suw bilen garylanda 400 kilogramma barabar bolýar. Atlary mälim edilmedik iki täjigistanly tussag edildi, olar neşäni bikanun satyn almakda, saklamakda, ony bir ýerden başga ýere daşamakda hem-de öndürmekde aýyplanýarlar.
XS
SM
MD
LG