Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabardino-Balkariýada iki söweşiji atylyp öldürildi


Demirgazyk Kawkazyň Kabardino-Balkariýa respublikasynyň Nalçik şäherinde polisiýa bilen çaknyşykda iki söweşiji öldürildi. Bu barada polisiýa resmileri habar berýär.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, çarşenbe güni howpsuzlyk işgärleri iki adamdan resminamalary soranlarynda, olar polisiýa garşy ot açyp başlapdyrlar. Garşylyklaýyn ot atyşlykda iki hüjümçi hem öldürilipdir.

Resmiler şol iki adamy “bikanun ýaragly toparlaryň düzümide iş alyp barmakda aýyplanyp, gözlege yglan edilen söweşijiler” diýip häsiýetlendirdi.

Demirgazyk Kawkaz sebitinde, ýagny Çeçenistanda, Dagystanda, Inguşystanda we Kabardino-Balkariýada yslamçy söweşijileridigi öýdülýän toparlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda her ýyl onlarça adam ölýär we ýaralanýar.
XS
SM
MD
LG