Sepleriň elýeterliligi

Özbek-gyrgyz serhet ýakasynda gyrgyz raýaty atylyp öldürildi


Anna güni Gyrgyzystanyň Döwlet serhet gullugynyň resmileri özbek-gyrgyz serhet ýakasynda özbegistanly serhetçileriň bir gyrgyz raýatyny atyp öldürendiklerini habar berdiler.

Maglumata görä, bu waka ýurduň günorta Oş regionynda ýüz beripdir. Resmiler bu wakada Gyrgyzystanyň bu raýatynyň Arawan raýonynda serhetden birugsat geçip, Özbegistanyň territoriýasynda 150 metr töweregi aralyga girendigini aýdýarlar.

Ýöne atylyp öldürilen bu raýatyň şahsyýeti barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär. Maglumata görä, bu waka boýunça derňew işleri ýola goýlupdyr.
XS
SM
MD
LG