Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: “MIG-29” uçarlarynyň uçuşlary wagtlaýyn togtadyldy


Anna güni Orsýetiň goranmak ministri Anatoliý Serdýukow “MIG-29” kysymly söweş uçarlarynyň uçuşynyň wagtlaýynça togtadylandygyny aýtdy.

Muňa penşenbe güni şol kysymdaky bir söweş uçarynyň ýurduň Çita oblastynda heläkçilige uçramagy sebäp boldy.

Orsýetiň mediasy bu uçar heläkçiliginde harby pilotyň uçardan katapultirlenmäge ýetişendigini, emma barbir onuň heläk bolandygyny habar berdi. Ýöne bu wakanyň jikme-jikligi barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.

Orsýetiň Goranmak ministrligi häzirki wagt bu heläkçiligiň sebäplerini anyklamak boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG