Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Aleppo şäherinde agyz suw gytçylygy ýüze çykdy


Şenbe güni siriýaly aktiwistler ýurduň Aleppo şäherinde barýan söweşleriň netijesinde şäheriň belli bir böleginde suw prowodlaryna zyýan ýetip, agyz suw ýetmezçiliginiň dörändigini aýdýarlar.

Siriýadaky ynsan hukuklary boýunça iş alyp barýan guramanyň maglumatyna görä, şenbe güni Aleppo şäheriniň Midan kwartalynda snarýad oklary suw prowodyna uly zyýan ýetiripdir.

Bu wakanyň fonunda şenbe güni oppozision ýaragly söweşijiler bu şäherdäki Hanano harby bazasynyň ýarag ammarlaryny ele geçirmek ugrunda hökümet güýçleri bilen gazaply söweş alyp barýarlar.

Anna güni oppozision söweşijiler harby bazanyň käbir kazarmalaryny eýeländiklerini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG