Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda bilelikdäki operasiýalar ýatyrylýar


ABŞ-nyň Owganystandaky baş harby ýolbaşçysy, general-leýtenant Jeýms Terri
ABŞ-nyň Owganystandaky baş harby ýolbaşçysy, general-leýtenant Jeýms Terri
Owganystanda NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýanyň sişenbe güni aýtmagyna görä, owgan güýçleri bilen bilelikdäki harby operasiýalary çäklendirmek boýunça gelnen karar “häzirki howpa” “mejbury” jogapdyr.

Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky baş harby ýolbaşçysy, general-leýtenant Jeýms Terriniň hepdäniň sişenbe güni ýaýradan görkezmesinde sany 800 esgerden az bolan batalýonlar üçin bilelikdäki harby operasiýalar ýatyrylýar.

Bu karara owgan esgerleriniň we polisiýasynyň ýa-da özlerini bu edaralaryň wekilleri hökmünde görkezmäge çalyşýan adamlaryň koalision güýçlere garşy ýarag ulanmagy bilen bagly birnäçe gandöküşikli wakalardan soň gelindi. Şu ýylyň başyndan bäri şeýle hüjümlerde koalision goşunlaryň azyndan 51 esgeri wepat boldy.

Britaniýanyň Goranmak sekretary Filip Hammond hepdäniň sişenbe güni eden çykyşynda bu görkezmäniň operasiýalara “minimal täsir” ýetirjegini aýtdy. Britanýanyň daşary işler ministri Willýam Heýg hem harby operasiýalara ýetjek täsiriň “minimal boljagyny” aýtdy.

Ol şeýle hüjümlere eglişik edilmejegini we bu ýagdaýa çemeleşmek ukybynyň güýçlendiriljegini duýdurdy. “Biz problema degerli çözgüt tapmak üçin, Owganystanda bolmagymyza degişli garaýşy düýpgöter üýtgetmek meselesini gozgamaly diýip hasap etmeýärin” diýip, Britaniýanyň daşary işler ministri Heýg aýtdy.

Geçen dynç günlerinde owgan polisiýasy tarapyndan amala aşyrylan hüjümde öldürilen alty koalision harbynyň arasynda iki sany britan esgeri hem bardy.

Geljekki planlara täsiri

NATO 2014-nji ýylyň aýagyna çenli ýurduň howpsuzlygyny owgan güýçlerine tabşyrmagy planlaşdyrýar, emma bilelikdäki harby operasiýalary çäklendirmek boýunça gelnen täze kararyň bu maksadyň öňüne böwet bolup biljekdigi çak edilýär.

Britaniýanyň ”Zähmet” partiýasynyň kanunçykaryjysy Denis MacShane kararyň “Birleşen Ştatlaryň we Britaniýanyň Owganystandaky strategiýasyny düýpden başgaça öwürýänligini” belledi.

Koalisiýanyň metbugat wekili maýor Adam Wojak täze kararyň Owganystanyň 350 müň adamdan ybarat howpsuzlyk güýçleriniň aglaba bölegine täsir ýetirjekdigini, indi olaryň harby operasiýalary öz ýaranlaryndan goldaw almazdan amala aşyrmaly boljakdyklaryny aýtdy.

NATO-nyň wekiliniň aýtmagyna görä, karar howadan goldawa, şol sanda howa arkaly medisina ewakuasiýasyna täsir ýetirmez. Söweşe degişli bolmadyk türgenleşik operasiýalary hem dowam etdiriler.

Owganystanyň Goranmak departamentiniň harby operasiýalar boýunça ýolbaşçysy general Afzal Amanyň ”Reuters” agentligine aýtmagyna görä, onuň edarasy täze karar barada “daşary ýurt goşunlarynyň ýolbaşçylygyndan resmi derejede” eşitmändir.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Leon Panetta Pekine eden saparynyň dowamyndaky çykyşynda, täze kararyň koalisiýanyň söweşiji güýçleriniň 2014-nji ýylyň aýagyna çenli Owganystandan çykarylmagyny yza tesdirmejegini aýtdy .
XS
SM
MD
LG