Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek


Raşid Şerifiň çeken karikaturasy (Wagt).
Raşid Şerifiň çeken karikaturasy (Wagt).

Türkmen ýazyjylarynyň degişme-ýomaklary.

Başga-da eser ýazdyňmy?

Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ikinji ýarymynda Beki Seýtäkow ussat ýazyjy hökmünde ykrar edilipdi. “Doganlar” epopeýasy,”Gyz salgydy” romany, köp sanly hekaýa-powestleri söýlüp okalýardy. Oňa “Türkmenistanyň halk ýazyjysy” diýen hormatly at dakylypdy. “Doganlar” epopeýasyna Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy berlipdi. TSSR Ylymlar Akademiýasynyň habarçy-çlenligine saýlanypdy.

Ol şol ýyllar Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň prawleniýesiniň başlygydy. Ol günlerde bir gün iş sapary bilen Daşoguz şäherine barýar. Ony aeroportda Ýazyjylar birleşiginiň Daşoguz welaýaty boýunça edebi konsultanty Hangeldi Garabaýew garşylaýar. Gulluk maşyny bilen şähere tarap ýola düşýärler. Biraz wagtdan soňra Hangeldi Garabaýew Beki aga :

— Ýoldaş Seýtäkow, Siziň döredijiligiňize iň belet okyjynyň biri mendirin – diýýär. Bu gürrüňe hoşal bolan Beki aga: — Sag bol, ýoldaş Garabaýew! Haýsy eserlerimi okadyň? – diýipdir.

Hangeldi Garabaýew: — Otuzynjy ýyllaryň ortalarynda “Mydam taýýar” gazetinde “Ýowarda” diýen goşgyň çap bolan eken. Şol goşgyňy okadym – diýýär.

Göwni galkynan Beki aga: — Sag bol, ýoldaş Garabaýew, juda ýatkeş ekeniň. “Ýowarda” meniň respublikan metbugatda çap bolan ilkinji goşgym. Hawa, ýene-de haýsy eserlerimi okadyň? – diýipdir. Hangeldi Garabaýew: — Näme, sen ondan başga-da eser ýazdyňmy? – diýip, Beki aga sowal beripdir. Gepde ýeňilen Beki aga Hangeldi Garabaýewe elini uzadyp: — Aldyň – diýip, hezil edip gülüpdir.

Okyjylar konferensiýasy

Beki Seýtäkow
Beki Seýtäkow
Beki Seýtäkow Ýazyjylar birleşiginiň prawleniýesiniň başlygy wagty galamdaşlaryna ýüzlenip: — Okyjylar bilen az duşuşýaňyz. Käbir ýerlere asla barmaýaňyz. Meselem, pisihbolnisada-dälihanada bejergi alýanlaryň ählisi zynjyrlamaly däli däl. Arasyna baryň, kitaplaryňyzy sowgat beriň! Belki, göwünleri açylar – diýip, çyny bilen maslahat beripdir.

Beki aga bilen degişmekden lezzet alýan, ähli adama “Ýaşulular soweti” diýip ýüzlenýän ussat şahyr Mämmet Seýidow:

— Ýaşulular soweti, sen başlyk adam, özüň öňüni başla! Göreldäňe eýermek biz bilen – diýipdir. Mämmet Seýidiň bu teklibi ýaňsa alyp aýdýanyny bilse-de, öz sözüniň-teklibiniň üstünde tutulan Beki aga dälihananyň baş lukmanyna jaň edip, şeýle duşuşygyň geçirilmegine ony razy edipdir. Şertleşilen gün Beki aga dälihana barypdyr. Dälilerden gepe-söze düşünýän saýýanlaryny ýörite otaga ýygnan baş lukman olara ýüzlenip:

— Hormatly bejergi alýanlar, ýurduň ýazyjylar birleşiginiň başlygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkow siz bilen duşuşmaga geldi. Özüňizi gyzyklandyrýan näme sowalyňyz bolsa oňa beriň! Geljekde Beki aganyň eserleri boýunça okyjylar konferensiýasyny geçirmegi-de göz öňünde tutýarys. Okyjylar konferensiýasy bolanda okyjylaryň birnäçesi ýazyjynyň eserini aýra-aýralykda okap, soňra ol eser barada üýşüp, özara pikir alyşýarlar. Düşündiňizmi? – diýipdir.

Dälileriň arasynda hyşy-wuşy gürrüň başlapdyr. Olaryň biri ýerinden turup, Beki aga ýüzlenipdir: — Hormatly ýazyjymyz, okyjylar konferensiýasynyň nämedigini bizem her kimçe bilýäris. Ýöne golaýda bir eser boýunça okyjylar konferensiýasyny geçirdik. Eser erbet däl, ýöne gahrymanlary köp-diýýär. Ikinji däli: — Gahrymanlaryň sany bilen oňuşsa bolar, ýöne olaryň at-familiýasynyň yzyndan san belgileriniň ýazylmagy bolmandyr. Adamyň at-familiýasynyň san bilen çalşyrylmagy onuň mertebesini kemsitmek bolýar – diýipdir.

Üçünji däli ýerinden turup, Beki aganyň ýanyna gelipdir. Elindäki kitaby ýazyja uzadyp,oňa: — Hormatly ýazyjy, gözden geçiriň! Ine,şol kitap – diýýär.

Beki aga gowşurlan ol kitap Aşgabat şäherinde ýaşaýan, öý-telefony bolan adamlaryň at-familýasy, telefon belgileri ýazylan abonent kitaby (sprawoçnik) eken.

Ýok zat agyrarmy?

Galamdaşlarynyň biri Mämmet Seýidiň ýanyna gelip, çyny bilen zeýrenýär:
— Mämmet, kelläm agyrýar, ýarylyp gelýär, çydap bilemok – diýýär. Mämmet Seýit oňa:
— Biderek gürrüň etme, ýok zat agyrmaz – diýipdir.

Sen entegem bärdemi?

Anna Kowusow (sagdan ikinji) sowet kosmonawty Ýuriý Gagarin (çepden birinji) bilen.
Anna Kowusow (sagdan ikinji) sowet kosmonawty Ýuriý Gagarin (çepden birinji) bilen.
Şahyrlar Anna Kowusow ,Ýylgaý Durdyýew, Kakabaý Gurbanmyradow Büzmeýiniň türmesinde jeza çäresini çekýän bendiler (tussaglar) bilen duşuşyga barýar. Ilki Kakabaý bilen Ýylgaý goşgy okaýar. Nobat Anna Kowusowa ýetýär. Belli bir ýaşa barandan soňra goşgy ýazmagy goýan Anna Kowusow ir döwürde ýazan goşgularyny okamakçy bolýar. Ýöne ondan öňürti her duşuşykda aýdýan sözüni bu gezegem dile getirýär:

— Inilerim, men Size gyly gyrylmadyk täze goşgularymy okap bereýin – diýip, 20-25 ýyl ozal ýazan goşgularynyň 2-3-isini okaýar. Türmede oturanlaryň biri elini galdyryp ýerinden turýar. Soňra: — Graždanin şahyr, mundan on bäş ýyl ozalam şu türmä duşuşyga geleniňde ýaňky goşgulary “Täze goşgularym” diýip okapdyňyz. Bu nähili beýle bolýar? – diýip, çyny bilen oňa sowal berýär. Ençeme çarşenbäni başdan geçiren Anna Kowusow aljyramaýar. Sowal berene:

— Inim, sen entegem bärde otyrmyň? – diýip sowal berýär.

Pyýada gelen däldiris

Ýetjek derejesine ýeten oturylşyk. Mis kimin gyzan kelleler. Kimdir biri märekäni gülüşdirmek, özüniň köp zat bilýändigini äşgär etmek üçin şol wagt “Türkmenistan” neşirýatynda baş redaktor bolup işleýän ýazyjy Çary Matalowa:

— Çary, sen baş redaktorym diýip gomalmagyn! Sen bir wagt dagyň aňyrsyndan torba salnyp getirlenleriň neslisiň – diýipdir. Islendik gürrüňi degişmä öwürmegi başarýan Çary aga oňa:

— Pylany, hak aýdýaň! Biz şol wagtam pyýada ýöräp gelen däldiris. Içinde meniň ata-babalarym oturan torbany arkaňyzda göterip gelensiňiz. Bize hormat has aňyrdandyr – diýipdir.

Toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG