Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: oppozisiýa bidüzgünçilikleriň bes edilmegine çagyryş edýär


Siriýany halas etmek boýynça konferensiýa, Damask, 23-nji sentýabr, 2012
Siriýany halas etmek boýynça konferensiýa, Damask, 23-nji sentýabr, 2012
Siriýanyň ýurt içindäki oppozisiýasy hökümet güýçlerini we ýaragly gozgalaňçylary bidüzgünçilikleri gyssagly ýagdaýda bes etmeklige çagyrdy.

Bu çagyryş Siriýada demokratik özgerşikleri amala aşyrmak boýunça Milli utgaşdyryjy organynyň ýekşenbe güni Damaskda geçiren konferensiýasynda edildi.

Milli utgaşdyryjy organyň düzümine ýurt içinde döredilen 16 sany oppozisiýa topary girýär. Bu konferensiýa Eýranyň, Orsýetiň we Hytaýyň diplomatlary hem gatnaşdylar.

Milli utgaşdyryjy organyň agzasy Rajaa al-Nasseriň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu maslahat ýurt içindäki oppozisiýanyň sesini eşitdirmek maksady bilen geçirilipdir.

Rajaa al-Nasser: “Ýurt içinde režime degişli bolmadyk oppozisiýa toparlary bar. Bu toparlar ýurdy krizisden çykarmak üçin çynlakaý we aýdyň plan boýunça iş alyp barýar. Häzir bu toparlaryň sesini eşitdirmeklige zerurlyk bar”.

Maslahatyň ahyrynda Milli utgaşdyryjy organyň agzasy Halil al-Saýed konferensiýanyň jemleýji beýanatyny yglan etdi.

Onda şeýle diýilýar: “Konferensiýa režimiň güýçlerini, şeýle hem ýaragly oppozisiýa toparlaryny degişli arap we halkara gözegçileriniň garamagynda bidüzgünçilikleri gyssagly ýagdaýda bes etmeklige çagyrýar”.

“Konferensiýa BMG-niň we Arap Ligasynyň wekili Lakhdar Brahiminiň ähli degişli taraplaryň gatnaşmagynda Siriýa meselesi boýunça halkara konferensiýasyna çagyryş etmegini talap edýär. Bu konferensiýanyň missiýasy demokratik režime tarap geçiş döwrüni başlamagy kepillendirýan iň gowy syýasy ýoly tapmaklyga gönükdirilen bolmalydyr” diýlip, beýanatda nygtalýar.

Bu konferensiýa geçirilmezinden bir gün öň 29 sany opposisiýa partiýasy Siriýanyň oppozisiýa toparlaryny birleşdirmäge gönükdirilen maslahatyny yza çekýändigini yglan etdi. Onuň sebäbi Milli utgaşdyryjy organyň, ýagny Siriýanyň hökümet tarapyndan rugsat berlen oppozisiýasynyň bu maslahata goşulmakdan ýüz öwürendigi bilen düşündirildi.

Siriýanyň bosgunlykdaky Milli geňeşiniň resmisi Ausama Monajed Milli utgaşdyryjy organynyň özüni propaganda maksatlary üçin ulanylmagyna ýol berendigini aýdýar.

Orsýetiň Damaskdaky ilçisi Azmat Allah Kolmahmedow Milli utgaşdyryjy organynyň konferensiýasyna gowy baha berdi we ony “Siriýa döwleti tarapyndan ýola goýlan reformalar prosesiniň gönüden-göni durmuşa geçirilmegi” diýip atlandyrdy.

Şol bir wagtyň özünde, Assadyň ozalky ýokary derejeli resmisi Siriýanyň režimine Eýranyň uly goldaw berýändigini aýtdy.

Germaniýanyň “Frankfurter Allgemeiner Zeitung” gazetine beren interwýusynda geçen aýda oppozisiýanyň hataryna geçen Siriýanyň ozalky premýer-ministri Riad Hijab “Harby meselesinde öňdebaryjy pozisiýany eýelemekde eýranlylar aktiw hereket edýärler” diýdi.

Şu aýyň başynda Eýranyň Rewolýusion gwardiýasynyň ýokary derejeli komandiri “birleşen elita Siriýanyň režimine ýarag däl-de, maslahat berýär” diýip aýtdy.
XS
SM
MD
LG