Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahreýniň sudy tussaglykdaky aktiwistiň gyzyny türmä basdy


Bahreýnde tussaglykda saklanylýan aktiwistiň gyzy, ýurduň monarhynyň suratyny ýyrtandygy üçin, çarşenbe güni iki aý türme tussaglygyna höküm edildi.

Geçen ýyl Bahreýnde aglaba şaýy musulmanlarynyň geçiren protestlerinden soň, ýurtda howsala ýagdaý saklanýar. Şol wagtky protestleri sünni liderler tarapyndan basylyp ýatyrylypdy.

Zeýnab al-Khawaja awgust aýyndaky protestde tussag edilipdi. Onuň kakasy, belli şaýy aktiwisti Abdulhadi al-Khawaja protestler sebäpli, uzak ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol özüniň türme tussaglygyna höküm edilmegine garşy, şu ýylyň başynda 110 gün açlyk hem çekipdi.

Zeýnab al-Khawajanyň aklawçysynyň aýtmagyna görä, onuň müşderisine ýene-de sekiz aýyplama boýunça günä ýöňkelýär. Aklawçy çarşenbe güni çykarylan hökümiň juda agyr bolandygyny, adatça bular ýaly ýagdaýlarda diňe jerime salynýandygyny hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG