Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýa boýunça maslahat edýär


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýa krizisi boýunça ýokary derejeli resmileriň gatnaşmagynda maslahat geçirdi.

Siriýanyň aktiwistleriniň aýtmaklaryna görä, prezident Başar al-Assadyň režimine garşy gozgalaňlar 27 müň töweregi adamyň ölümine sebäp bolan ýaragly konflikte ýazypdyr.

BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun Howpsuzlyk Geňeşinde eden çykyşynda Siriýadaky konfliktiň çözgüdiniň tapylmadyk ýagdaýynda onuň has giň gerim aljakdygyny duýdurdy.
Howpsuzlyk Geňeşiniň bu maslahaty BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde Nýu Ýorkda geçirildi.

Siriýadaky krizisiň çözgüdini parahat ýol bilen tapmak ugrunda tagalla edýän Arap Ligasynyň başlygy Nabil Elaraby krizisiň başga çözgüdini tapmaga çemeleşmek barada BMG-a çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG