Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýa boýunça maslahat geçirdi


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-moon, Nýu Ýork, 25-nji sentýabr, 2012.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-moon, Nýu Ýork, 25-nji sentýabr, 2012.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýadaky krizis boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirdi.

Siriýada 18 aý bäri dowam edýän krizisyň soňy görünmeýär, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada garşy çykyşlar ýaragly konflikte öwrülip, siriýaly aktiwistleriň aýtmagyna görä, 27 müň adamyň ölümine sebäp boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-moon Baş Assambleýanyň sessiýasynyň daşyndan geçirilen Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda Siriýa boýunça karara gelinmese konfliktiň has-da ýaýbaňlanmagynyň we regiona zarba urmagynyň ähtimaldygyny duýdurdy.

Ban Ki-moonyň sözlerine görä, Siriýadaky konflikt halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna wehim salýar, ynsan tragediýalaryny köpeldýär, çagalaryň ykbalyna zeper ýetirýär. Ban Ki-moon bu krizisiň ýarag bilen çözülip bilinmejegini belledi.

Arap Ligasynyň Siriýadaky krizisy parahatçylykly ýol bilen çözmek ugurynda alyp barýan tagallary halkara derejesinde makullanýar. Liganyň ýolbaşçysy Nabil Elaraby Birleşen Milletler guramasyna krizisden çykalga tapmak üçin başga ýollary gözlemegi teklip etdi.

Nabil Elaraby Siriýadaky krizisyň günsaýyn güýçlenýänligini belledi. Ol Siriýanyň hökümetiniň öz raýatlaryna garşy ýarag göterip, agyr ýaraglary ulanmagynyň, şeýle-de dürli inisiatiwalardan, şol sanda Arap döwletleriniň inisiatiwalaryndan ýüz öwürmeginiň betbagytçylykly netijelere getirenligini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton ýurdunyň Siriýanyň halkyna ýardam bermek üçin 100 million dollar pul çykaranlygyny aýtdy.

Klinton Birleşen Ştatlaryň Siriýadaky zorlugyň bes edilmegini talap edýändigini we ýurtda Başar al-Assadsyz syýasy geçişiň amala aşyrylmagyna çagyrýandygyny belledi.

Orsýet we Hytaý Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň üç sany rezolýusiýasyna gadagançylyk girizipdi. Siriýada gandöküşikligi togtatmak üçin Assada basyşlary güýçlendirmek baradaky bu rezolýusiýalary günbatar we arap döwletleri goldapdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý lawrow krizisy çözmek üçin Assada basyş etmek boýunça ädilen ädimleriň netijesiz bolanlygyny aýtdy.

Lawrow Orsýetiň islendik zorlukly hereketleri ýazgarýandygyny belledi. Şeýle-de ol Sirýada gandöküşikligiň dowam etmegine “Başar al-Assadyň garşydaşlaryny ýaragy taşlamakdan we dialogdan ýüz öwürmäge ündeýän”, başga tarapdan bolsa “režimiň gürrüňsiz boýun egmegini” talap edýän ýurtlaryň jogapkärdiklerini aýtdy.

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius Howpsuzlyk Geňeşiniň hereketsizligini “aýylganç” atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG