Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň prezidenti Muhammad Mürsi Türkiýä resmi sapar edýär


Ýekşenbe güni Müsüriň prezidenti Muhammad Mürsi Türkiýä resmi sapar bilen barýar. Muhammad Mürsüniň bu saparynyň Müsür bilen Türkiýäniň soýuzdaşlygyny berkitmek maksadyndan ugur alýandygy aýdylýar.

Müsüriň resmileri prezident Muhammad Mürsüniň öz saparynyň barşynda Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül we premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan bilen duşuşyp, özara hyzmatdaşlyklary ösdürmek meseleleri barada maslahat etjekdigini mälim etdiler.

Mundan daşary, maglumata görä, Türkiýäniň dolandyryjy “Adalat we Galkynyş” partiýasy Müsüriň prezidentini özüniň ýyllyk konferensiýasyna gatnaşmaklyga-da çagyrypdyr.
XS
SM
MD
LG