Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prezidenti Täjigistana sapar edýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Täjigistanyň prezidenti Imomali Rahmon bilen gepleşikleri geçirmek üçin Duşenbä bardy.

Iki ýurduň liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şol sanda söwda we energiýa meseleleri boýunça anna güni geşleşikleri geçirýär.

Ýöne synçylar Orsýetiň Täjigistandaky harby bazasynyň ykbaly bilen bagly meseläniň gepleşikleriň gün tertibiniň baş temasy boljakdygyny çaklaýarlar.

Harby bazany ulanmak baradaky Orsýetiň şertnamasy 2014-nji ýyla çenli hereket edýär. Häzire çenli Orsýet bazany ulanmak üçin hiç hili töleg etmedi, ýöne bu desgany ulanmaklygyň möhletini ýene 49 ýyla çenli uzaltmak barada Orsýetiň meýliniň bardygy aýdylýar.

Täjik tarapy desgany ulanmak üçin Orsýetden ýylda $250 million töleg talap edýär.

Bu baza Orsýetiň daşary ýurtlardaky iň uly harby desgasy hasaplanýar. Bu ýerde 7 müň töweregi esger ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG