Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň saýlawlary nähili sapak berýär?


Gürjüstanyň oppozision “Gürji arzuwy” koalisiýasynyň tarapdarlary oppozisiýanyň ýeňşini şatlyk-şowhun bilen garşy alýarlar. Tbilisi, 2-nji oktýabr, 2012.

Gürjüstanyň oppozision “Gürji arzuwy” koalisiýasynyň tarapdarlary oppozisiýanyň ýeňşini şatlyk-şowhun bilen garşy alýarlar. Tbilisi, 2-nji oktýabr, 2012.

Gürjüstanda geçen duşenbe güni geçirilen parlament saýlawlary oppozisiýanyň peýdasyna boldy: milliarder Bidzina Iwanişwiliniň “Gürji arzuwy” atly koalisiýasy prezident Mihail Saakaşwiliniň “Birleşen milli hereketine” garanda has köp goldaw aldy.

Häzire çenli sanalan 99 prosente golaýy sesler oppozision “Gürji arzuwynyň” 55 prosente golaý ses alandygyny görkzýär, prezident Saakaşwiliniň “Birleşen milli hereketiniň” alan sesi bolsa, 40 prosentden gowrak.

Prezident M.Saakaşwili sesler doly sanalmazyndan kän öň öz partiýasynyň ýeňlişini kabul etdi we “Gürji arzuwynyň” işine ýol açýandygyny bildirdi.

Emma milliarder B.Iwanişwili 2-nji oktýabrda M.Saakaşwilini işden çekilmäge çagyrdy, şeýle-de öz koalisiýasynyň Saakaşwiliniň “Birleşen milli hereketiniň” käbir ýokary derejeli agzalarynyň garşysyna jenaýat işini gozgamak barada pikir edýändigini aýtdy.

Gürjüstanda bolan bu waka post-sowet ýurtlaryndaky geçiş prosesine syn edýän adamlarada dürli pikirleri döretdi. Käbir pikirlere görä, şol sanda milliarder Iwanişwiliniň sözlerine görä, bu waka gürji halkynyň beýik medeniýetiniň we parasatlylygynyň nyşany boldy.

Emma başga tarapdan, Iwanişwiliniň 9 partiýany öz içine alýan koalisiýasynyň basym hökümet düzmekde we wezipeleri paýlaşmakda turjak dawalar sebäpli uly kynçylyga uçrajagyny aýdýanlar hem bar.

Eýsem, Gürjüstanda barýan syýasy prosese türkmenistanly synçylar, syýasatçylar nähili garaýarlar? Azatlyk Radiosy şu barada pikir alyşmak üçin Türkmenistandan ýerli synçy, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewi, Şwesiýadan türkmen parlamentiniň ozalky agzasy Halmyrat Söýünowy we Awstriýadan bosgunlykda döredilen “Respublika” partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamowy “Tegelek Stol” söhbetdeşligine çagyrdy.

Şu temadan geçirilen “Tegelek Stol” gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:
XS
SM
MD
LG