Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli aktiwistler Politkowskaýanyň hatyrasyny tutdular


Ýekşenbe güni orsýetli ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler Moskwada žurnalist Anna Politkowskaýanyň öldürilmeginiň ýyl dönümini belläp geçýärler.

7-nji oktýabrda onuň Moskwadaky kwartirasynyň öňünde atylyp öldürilenine dogry alty ýyl boldy. “Nowaýa gazetanyň” žurnalisti, 48 ýaşly Anna Poltkowskaýanyň ölümi bilen baglanyşykly jenaýat işi henizem doly çözülmän galýar.

Politkowskaýa, esasan, Orsýetdäki korrupsiýa, çeçen urşy we Putiniň awtoritar dolandyryşy bilen baglanyşykly ýiti tankydy materiallary bilen tanalýardy.

Ýekşenbe güni giçlik bu wakanyň ýyl dönümine gabatlap Moskwada ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler we žurnalistler ýörite üýşmeleň geçirdiler.
XS
SM
MD
LG