Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: Iwanişwili täze hökümeti düzýär


Gürjüstanyň premýer-ministri wezipesine bellenjek Bidzina Iwanişwili täze hökümete kandidatlary yglan etdi,Tbilisi, 8-nji oktýabr 2012 ý.
Gürjüstanyň premýer-ministri wezipesine bellenjek Bidzina Iwanişwili täze hökümete kandidatlary yglan etdi,Tbilisi, 8-nji oktýabr 2012 ý.
Gürjüstanda geçen hepdede parlament saýlawlarynda aglaba köplügi gazanan “Gürji arzuwy” atly koalisiýasynyň lideri milliarder Bidzina Iwanişwili täze hökümete kandidatlaryň atlaryny yglan etdi.

Duşenbe güni Bidzina Iwanişwili Gürjüstanyň ozalky goranmak ministriniň orunbasary we Gürjüstanyň BMG-däki ilçisi Irakli Alasaniýany goranmak ministri wezipesine teklip etdi.

Ol “Iwanişwiliniň haýyr-sahawat Kartu fondunyň” başlygy Irakli Garibaşwilini içeri işler ministri wezipesine kandidat edip görkezdi.

Iwanişwili Germaniýada we Niderlandiýada Gürjüstanyň ilçisi bolup işlän Maia Panjikidzäni (zenan) daşary işler ministri wezipesine teklip etdi.

Şeýle hem Iwanaşwili birnäçe beýleki ministrleriň atlaryny yglan etdi, şol sanda Tea Tsulukianini (zenan) adalat ministri, pensiýadaky futbol oýunçysy Kakha Kaladzäni regional ösüş we infrastruktura ministri hem-de Guram Odişariany medeniýet ministri wezipelerine teklip etdi.

Tbiliside geçirilen metbugat konferensiýasynda Iwanişwili hökümeti parahat ýol bilen çalyşandyklaryny aýtdy.

Iwanaşwili: “Hökümeti parahat ýol bilen çalyşmak bilen bir hatarda, biz häzir has uly işleri amala aşyrmaly, halkyň hakyky we adalatly hökümetini düzmeli”.

Parlamentiň 150 orunlyk palatasynda sada köplügiň tassyklamagy bilen Iwanişwiliniň özi täze kabinetde premýer-ministr wezipesini eýelär.

Täze parlament özüniň ilkinji maslahatyny 21-nji oktýabrda geçirer.

Gürjüstanda iň baý adam

Gürjüstanda iň baý adam hasaplanýan 56 ýaşly Iwanişwili syýasy sahnada täzeräk adamdyr.

Onuň “Gürji arzuwy” kaolisiýasy 1-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda azyndan 83 orna eýe boldy.

Býullitenlerdäki ýoýmalar barada şikaýatlar sebäpli saýlawlaryň gutarnykly netijeleri boýunça iş dowam etdirilýär.

“Gürji arzuwy” kaolisiýasy aýratyn kandidatlar boýuinça bäsleşikdäki bidüzgünçilikler sebäpli partiýasynyň birnäçe ornuny ýitirendigini aýdýar. Hökümet resmileri bu aýyplamany ret edýärler.

Mihail Saakaşwili 2013-nji ýylyň oktýabrynda prezidentlik wezipesiniň ikinji möhleti tamamlanýança Gürjüstanyň prezidenti wezipesinde galar.

Onuň wezipesinden gideninden soň güýje girýän konstitusion reformasyna laýyklykda, prezidentiň köp ygtyýarlyklary premýer-ministre geçer.

Iwanişwili Gürjüstanyň Orsýet bilen gatnaşyklaryny gowulaşdyrmak isleýändigini aýtdy. Bu gatnaşyklar 2008-nji ýylda separatist regiony Günorta Ossetiýa boýunça turan gysga uruşda bozulypdy.

Iki ýurduň gatnaşyklary Saakaşwiliniň Gürjüstany NATO agza etmek we ýurduny Moskwanyň gözegçiliginden daşda saklamak üçin eden tagallary sebäpli dartgynlaşypdy.

Iwanişwili NATO we Ýewropa Bileleşigi bilen hem integrasiýa syýasatyny alyp barjakdygyny aýtdy.

Onuň saýlawlardan soň daşary ýurda ilkinji sapary ABŞ planlaşdyrylýar. ABŞ Saakaşwilini prezidentlik wezipesinde doly goldap gelipdi.
XS
SM
MD
LG