Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstriýaly sportsmen stratosferadan bökmekde sesiň tizliginden ozdurdy


Awstriýaly sportsmen Feliks Baumgartner ýekşenbe güni stratosferadan, ýagny deňiz derejesinden 9-11 kilometr ýokary bolan atmosfera gatlagyndan bökmekde sesiň tizliginden ozduryp rekord goýdy.

Baumgartner dünýä boýunça rekordyny ABŞ-nyň Nýu Meksiko ştatynda goýdy.

Aeronawtika boýunça halkara federasiýasy ýerden 39 kilometr beýiklikden böküş tizligini Baumgartner sagatda 1342 kilometre çenli ýetirmegi başardy diýip yglan etdi.

Baumgartneriň beýleki goýan rekordy onuň böken beýiklik aralygy boldy.

Baumgartneriň 39 kilometr belentlikden ýere çenli bolan aralygy on minuda golaý wagtda geçendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG