Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgynda gümanlanýan Karadžiç sudda özüni goramaly


Uruş döwrüniň bosniýaly serb lideri Radowan Karadžiç sişenbe güni BMG-niň Niderlandiýanyň Haaga şäherinde geçirilýän sudunda özüne bildirilýän gyrgynçylyk aýyplamalaryndan we beýleki günälerden goranyp çykyş etmeli.

1995-nji ýylyň iýulynda Srebrenisada 8 müň çemesi musulman erkegini gyrgyna bermekde aýyplanýan Karadžiç özüniň bigünädigini aýdýar.

Ol 2008-nji ýylda, 1992-95-nji ýyllaryň Bosniýa-Herzegowina urşy mahalyndaky serb gyrgynçylyklaryny planlaşdyrmakda aýyplanandan 13 ýyl soň tussag edildi.

Karadžiçiň sudy 2009-njy ýylda başlanypdy.
XS
SM
MD
LG