Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky partlamada azyndan 19 parahat ýaşaýjy öldi


Anna güni Owganystanyň demirgazygynda ýol gyrasynda goýlan bir minanyň partlamagy netijesinde azyndan 19 sany parahat ýaşaýjy ölüp, 16 adam hem ýaralandy.

Balh welaýatynyň Dawlatabat etrabynyň polisiýa edarasy bu partlamanyň anna güni irden aýal-gyzlaryň we çagalaryň bir toparynyň toýa barýan wagty ýol ugrunda ýüz berendigini habar berdi.

Ýöne ölenlerden we ýaralananlardan näçesiniň çagalar ýa-da aýallardygy barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady. Partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr.

Bu wakanyň fonynda penşenbe güni giçlik ýurduň Jowuzjan welaýatynda ýerli futbolçylaryň münüp barýan awtobusynyň ýangyç alyp barýan bir ýük maşyny bilen çaknyşmagy netijesinde azyndan alty sany futbolçynyň ölendigi barada-da maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG