Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstandaky ýeke-täk rus dilli telekanal öz efirini ýatyrdy


Şenbe güni Gürjüstanda rus dilinde efire çykýan ýeke-täk “PIK” atly telewizion kanaly ýurduň tele-radio gepleşikler edarasy bilen öz arasynda ýüze çykan dawalar sebäpli efire çykmagyny bes etdi.

Garaşsyz “PIK” telewizion kanalynyň informasiýa gullugy boýunça bölüm başlygy Ýekaterina Kotrikadze munuň sebäbini ýurduň tele-radio gepleşikler sistemasynyň bu telewideniýe bilen ozalky kontraktyny ur-tut ýatyrandygy bilen düşündirýär.

Öz gezeginde Gürjüstanyň tele-radio gepleşikler edarasy “PIK” telewizion kanalynyň şu çaka çenli öz satelit transmiterlerinden bikanun peýdalanyp gelendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG