Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Protestlerde Gürjüstanyň eli bar


Orsýetli aktiwist Leonid Razwozžaýew

Orsýetli aktiwist Leonid Razwozžaýew

Deşenbe güni Derňew komitetiniň metbugat wekili Wladimir Markin Döwlet Dumasynyň deputaty Ilýa Ponomarewiň kömekçisi Leonid Razwozžaýewiň häkimiýetleriň ýanyna meýletin baryp, elde ýazylan 10 sahypalyk görkezmesini berendigini aýtdy.

“Razwozžaýew öz görkezmesinde Sergeý Udaltsow, Konstantin Lebedew we beýleki şahslar bilen bilelikde Orsýet Federasiýasynyň giňişliginde köpçülikleýin bidüzgünçilikleri nädip gurnandygy barada jikme-jik maglumat berýär. Şeýle-de ol bu dokumentde agzalan şahslaryň 6-njy maýda Bolotnaýa meýdançasynda bolan köpçülikleýin tertipsizliklere gatnaşygy barada habar berýär”, diýip Markin aýtdy.

Şeýle-de Markiniň sözlerine görä, Razwozžaýew prezident Mihail Saakaşwiliniň ýarany we gürjüstanly öňki kanun çykaryjy Giwi Targamadzeniň demonstrasiýalary maliýeleşdirendigi barada görkezme beripdir.

Markin Razwozžaýewiň onuň aklawçylarynyň ýanyndan sorag edilendigini belledi.

Şeýle beýannamalar ilkinji gezek Kremle tarapdar NTW telekanalynyň 5-nji oktýabrda görkezen filminden soň peýda boldy. Mundan iki hepde geçensoň resmiler Udalsowa, Lebedewe we Razwozžaýewe garşy janaýat işini gozgadylar.

Geçen hepdede Razwozžaýew özüniň gizlenmekçidigini ors websaýtynda ýazypdy.

Görkezmeleriň öňüsyrasynda

Hepdäniň duşenbe güni “LifeNews” websaýty, çaklamala görä, 21-nji oktýabrda agşam düşürilen filmi ýerleşdirdi. Filmde Razwozžaýew polisýa ofiserleri tarapyndan maşyna oturdylýar. Razwozžaýewiň olar meni “iki günläp gynadylar” we “meni Ukrainadan ogurladylar”, diýen sözleri wideoda görkezildi.

Razwozžaýewiň tarapdarlarynyň BMG-niň Kiýewdäki missiýasynyň öňünde ol “ogurlandy” diýip çykyş edendikleri habar berilýär. Razwozžaýew Ukrainada gaçybatalga soramagy planlaşdyrypdy.

Hepdäniň duşenbe güni Udalsow uç adama garşy öňe sürülýän aýyplamalary esassyz atlandyrdy, Razwozžaýewiň görkezmeleriniň bolsa “dezinformasiýadygyny” aýdyp, basyşlaryň we belki gynamalaryň netijesidigini belledi.

Razwozžaýewiň aklawçysy Wioletta Wolkowa goragçylaryň onuň Ukrainadan getirilmegine degişli faktlara garaýandyklaryny aýtdy.

“Elbetde biz onuň nähili esasda bikanun ekstradisiýa edilendigi baradaky soraglary galdyrarys. Kanuny goraýjylaryň nämä esaslanandygyny, ýörite organlaryň haýsy ýurda degişlidigini, ýörite operasiýany Ukrainanyň giňişliginde orsyýetli edaralar geçirdimi ýa-da muny Ukrainanyň edaralary etdimi, biz muny anyklamakçy”.

Derňew komitetiniň wekili Markin Razwozžaýewe garşy resmi aýyplamalaryň ýakyn günlerde öňe sürüljegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG