Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hasabat: Hiç bir döwlet gender deňligini gazanyp bilmedi


Täze barlagyň netijesine görä, dünýäde hiç bir döwlet gender deňligini gazanyp bilmändir, emma olaryň köpüsi aradaky boşlugy doldurmakda az-kem öňegidişlik gazanypdyr.

Dünýä ykdysady forumy özüniň "Global gender boşlugy" atly ýyllyk hasabatynda soňky alty ýylyň dowamynda saglyk saklaýyş we bilim pudagynda erkekler bilen zenanlaryň arasyndaky deňsizligi azaltmakda uly ösüşiň gazanylandygyny mälim etdi.

Emma hasabat syýasy karar almaga ygtyýarlyk berýän wezipeleri eýelemekde zenanlaryň entegem kösençlik çekýändigini görkezdi.

Umuman aýdylanda, 2006-2012-nji ýyllar aralygynda barlanan ýurtlaryň 88 prosenti bu ugurda ösüş gazanypdyr, emma olaryň 12 prosentinde boşluk has hem ulalýar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, ortaça alnanda, saglyk netijeleri boýunça boşlugyň 96 prosentden gowragy, bilim almakdaky boşlugyň bolsa 93 prosenti ýapylypdyr.

Muňa garamazdan, ykdysadyýetde orun almak boýunça boşlugyň 60 prosenti, syýasy mümkinçiliklerdäki boşlugyň bolsa diňe 20 prosenti doldurylypdyr.

Hasabat dünýä ilatynyň 90 prosentini jemleýän 135 ýurdy öz içine alýar.

Bu hasabat belli bir kompaniýalaryň geňeşlerindaki orunlaryň 40 prosentini zenanlara bermek barada Ýewropa Komissiýasynyň teklibi şowsuzlyga uçrandan birnäçe sagat soň ýaýradyldy.

Hasabat gender boşlugyny ýapmakda Skandinaw ýurtlarynyň öňde barýandygyny görkezdi.

Gazagystan özüniň geçen ýylky ornundan 18 basgançak ýokaryk çykyp, 31-nji orny eýeledi. Muňa bellenen aýlyk haklary boýunça gender boşlugynyň azaldylmagy we parlament bilen ministrliklerdäki wezipe orunlarynda zenanlaryň sanynynyň artdyrylmagy sebäp bolupdyr.

Moldowa alty orun ýitirip, 45-nji boldy. Bu ýurtda ykdysadyýete gatnaşyk we bu ugurdaky mümkinçilikler boýunça yzagaýdyşlyk bolupdyr.

Horwatiýa bir basgançak ýokaryk galyp, 49-njy orny eýeledi. Bu ýurduň ministrliklerindäki wezipelerde aýal maşgalalaryň sany az-kem ýokarlanypdyr.

Serbiýa 50-nji orun bilen Indeksde ilkinji gezek görkezildi.

Gyrgyzystan 10 orun ýitirip, 54-nji ýer aldy. Muňa esasan hem ykdysadyýete gatnaşyk we bu ugurdaky mümkinçilikler, şeýle hem saglyk bilen bilim pudagyndaky degişli görkezijiler boýunça yzagaýdyşlyklar sebäp bolupdyr.

Orsýet Gyrgyzystandan yza galyp, ýurtdaky ykydadyýete gatnaşyk we syýasy mümkinçlikler boýunça gender deňsizliginiň ýokarlanmagy sebäpli bir basgançak aşak gaýdyp, 59-njy orna düşdi.

Makedoniýa sekiz orun ýitirip, 61-nji boldy. Bu ýurtda ministrlik wezipelerinde zenanlaryň sanynyň ýokarlanmagy bellenen aýlyk haklary we çaklama gazanç deňligi boýunça peselişiň üstüni belli bir derejede örtüpdir.

Ukraina syýasy mümkinçilikler boýunça iň soňky 20 ýurduň arasynda ýerleşdirilen hem bolsa, ol umumy görkezijide 64-nji orny eýeledi.

Gürjüstan 85-nji orny aldy. Bu ýurtda ykdysadyýete gatnaşyk, saglyk we syýasy mümkinçilikler boýunça ösüş gazanylan hem bolsa, bilim almakdaky gender deňligi boýunça berlen baha peselipdir.

Ermenistan sekiz orun aşak gaýdyp, çaklama gazanç boýunça deňagramlylygyň juda peselmegi sebäpli 92-nji orunda ýerleşdirildi.

Täjigistan 96-njy orny eýelän hem bolsa, umumy bal boýunça öňküden az-kem ýokary galdy.

Azerbaýjan sekiz orun taýyp, 99-njy orna düşdi. Bu ýurtda orta bilimdäki gender deňligi boýunça yzagaýdyşlyk bar diýilýär.

Iň soňky orunlaryň birinde Eýran görkezilýär, ol çaklama gazanç boýunça deňagramlylygyň ýaramazlaşmagy sebäpli 127-nji orny eýeledi.

Pakistan bir orun ýitirip, 134-nji boldy. Bu ýurtda bellenen aýlyk haklary boýunça deňsizlik ýokarlanypdyr.
XS
SM
MD
LG