Sepleriň elýeterliligi

Türkmen gümrükçileri ýedi gazak raýatyny tussag etdi


Türkmenistanyň gümrük işgärleri tarapyndan Gazagystanyň ýedi raýaty, şol sanda dört polisiýa işgäri tussag edildi. Bu barada Gazagystanyň günbataryndaky Mangistau regionynyň resmileri penşenbe güni habar berdi.

Resmileriň aýtmagyna görä, dört polisiýa işgäri we üç awçy Türkmenistanyň serhediniň ýakyn sebitlerine iş saparyna ugradylypdyr. Olaryň soňundan azaşyp, tötänlikden türkmen-gazak serhedini geçendigi hem bellenilýär. Gazak raýatlarynyň ýanyndan ýaraglaryň hem tapylandygy aýdylýar.

Türkmen tarapy olara serhedi bikanun geçmek we ýarag gaçakçylygy boýunça aýyplama bildirdi.

Bu waka boýunça türkmen tarapyndan häzirlikçe hiç hili maglumat almak başartmady.
XS
SM
MD
LG