Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sudan Howpsuzlyk Geňeşini Ysraýyly ýazgarmaga çagyrýar


Sudan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýüzlenip Ysraýyly Khartum şäheriniň ýarag zawodyna amala aşyrdy diýilýän hüjümi üçin ýazgarmaga çagyryş etdi.

Ysraýylyň hökümeti bu aýyplamalar boýunça häzirlikçe hiç zat aýtmady. Ýurduň goranmak ministri Ehud Barak döwlet telewideniýesinde: “Meniň bu waka boýunça aýdyp biljek zadym ýok” diýip, çykyş etdi.

Çarşenbe güni irden Ýarmuk ýarag ammarynda we zawodynda partlama we uly ot ýalynlary peýda boldy. Resmiler wakada iki adamyň ölendigini aýdýarlar.

Sudanyň BMG-däki ilçisi Daffa-Alla Elhag Ali Osman Howpsuzlyk Geňeşine bu hüjümi Ysraýylyň dört harby uçarynyň amala aşyrandygyny aýtdy.

Sudan Ysraýyla garşy jogap çärelerini geçirjekdigi bilen haýbat atdy.
XS
SM
MD
LG