Sepleriň elýeterliligi

Timoşenko Ýanukowiçiň “mafiýa toparyny” agdarmaklyga çagyrýar


Anna güni Ukrainanyň tussaglykdaky ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko ýekşenbe güni geçiriljek parlament saýlawlarynda ýurduň saýlawçylaryny prezident Wiktor Ýanukowiçiň toparyny häkimiýetden agdarmaklyga çagyrdy.

Bu barada eden beýanatynda ol prezident Ýanukowiçiň toparyny “mafiýa topary” diýip atlandyrdy.

Timoşenkonyň bu beýanatyny anna güni Kiýewde onuň gyzy Ýewgeniýa Timoşenko ýerli aktiwistleriň öňünde eden çykyşynda okady.

Bu beýanatda Ýuliýa Timoşenko häzirki parlament saýlawlaryny “diktatura garşy uruş” diýip atlandyryp, saýlawçylary prezident Ýanukowiçiň dolandyryjy Regionlar partiýasyna ekeje ses-de bermezlige çagyrypdyr.

Ýuliýa Timoşenko öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, geçen ýylyň oktýabrynda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG