Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Halkara krizis topary Kabulyň şikaýatyny ret edýär


Ýewropada ýerleşýän Halkara krizis topary duşanbe güni özüniň golaýda Owganystan barada çap eden hasabatynyň “syýasy äheňlidigini” ret etdi.

Kabul oktýabr aýynda prezident Hamid Karzaýy berk tankytlan hasabaty üçin Halkara krizis toparynyň garşysyna hereket etmekçidigini aýdypdy. Prezidentiň sözçüsi Aýmal Faýzi duşanbe güni Halkara krizis toparynyň Owganystandaky hereketleri “syýasy äheňli we olaryň ýurtdaky ýagdaýa beren bahasy ynamdar däl” diýdi.

Halkara krizis toparyndan Andrýu Stroehleýn bu aýdylýanlary ret etdi.

Düýbi Brýusellde ýerleşýän toparyň hasabatynda Karzaý ýurtda uzak möhletli durnuklylygy döretmäge däl-de, öz şahsy häkimiýetini berkitmäge has köp gyzyklanýan ýaly diýilýärdi.

Şeýle-de bu hasabatda owgan döwletiniň 2014-nji ýylda, NATO goşunlary çykandan soň ýykylmagynyň we graždan urşunyň turmagynyň mümkindigi aýdylýardy.
XS
SM
MD
LG