Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak Orsýet bilen ýarag söwdasy baradaky ylalaşygy täzelemekçi


Şenbe güni Yragyň hökümeti Orsýet bilen ýarag söwdasy baradaky bahasy 4.2 milliard dollarlyk kontrakty ýatyrýandygyny yglan etdi.

Yragyň parlamentiniň howpsuzlyk we goranmak meselesi boýunça komitetiniň agzasy Hakem al-Zamali häzirki wagt Orsýetden ozalkylara görä has ösen we çylşyrymly ýarag önümlerini satyn almak ugrunda gepleşik alyp barjak ýörite hökümet komissiýasynyň düzülendigini aýtdy.

Yragyň hökümetiniň metbugat sekretary Ali Mussawi Orsýet bilen baglaşylan ozalky kontrakt boýunça korrupsiýa meselesi bilen baglanyşykly käbir şübheleriň ýüze çykandygyny we häzirki wagt derňew işleriniň alnyp barylýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG