Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň prezidenti Hindistanyň premýer-ministri bilen duşuşdy


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý duşenbe güni Hindistanyň baştutanlary bilen duşuşdy we uruşdan ýaňa haldan gaçan ýurduna has köp inwestisiýa edilmegi barada gepleşikler geçirdi.

Hindistana dört günlük sapary bilen baran Karzaý Nýu-Delide premýer-ministr Manmohan Singh bilen duşuşdy.

Geçen hepde ahyrynda bolsa, ol Mumbaýda hindi biznesmeleri bilen duşuşdy we iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem berkitjek inwestisiýalaryny kabul etmäge öz ýurdunyň taýýardygyny aýtdy.

Hindistan 2 milliard dollar töweregi möçberde Owganystanyň infrastrukturasyna, ýagny awtomobil ýol we keselhanalaryň gurluşygyna, oba ýerlerini elektrik togy bilen üpjün etmek baradaky proýektlere maýa ýatyrýar.

2014-nji ýylda owgan güýçleri ýurtda howpsuzlygy üpjün etmegi öz üstüne alanlaryndan soň Nýu-Deli Owganystana täsirini güýçlendirmäge umyt baglaýar.
XS
SM
MD
LG