Sepleriň elýeterliligi

Ýakyn Gündogar: Orsýet Arafatyň guburyny eksgumasiýa etmäge ýardam berer


Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasyň aýtmagyna görä, şu aýyň aýagynda Orsýetiň ekspertleri Palestinanyň ozalky lideri Ýasser Arafatyň guburyny eksgumasiýa etmek üçin şweýsariýaly we fransiýaly sülçüleriň toparyna goşular.

Orsýetiň bu işe gatnaşmagy bilen Arafatyň “ölümi barada täze faktlaryň üstüniň açylmagyna” Abbas umyt baglaýandygyny ýekşenbe güni mälim etdi.

Arafat 2004-nji ýylda Pariždäki keselhanada ýogaldy.

Şol wagtda Arafatyň insultdan ölendigi aýdyldy, ýöne ömrüniň soňky hepdelerinde onuň nähili kesel bilen keselländigi hiç haçan belli edilmedi.

Şweýsariýanyň laboratoriýasynda geçirilen täze barlaglaryň netijesinde Arafatyň geýiminde ölüm howply radioaktiw bölejikleriniň tapylandygy mälim edildi. Bu ýagdaý onuň zäherlenendigini çaklamaga esas berýär.
XS
SM
MD
LG