Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Liderleriň täzelenmegine garaşylýar


Hytaýyň prezidenti Hu Žintao Kompartiýanyň gurultaýynyň jemleýji maslahatynda çykyş edýär. Pekin, 14-nji noýabr, 2012.
Hytaýyň prezidenti Hu Žintao Kompartiýanyň gurultaýynyň jemleýji maslahatynda çykyş edýär. Pekin, 14-nji noýabr, 2012.
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň gurultaýy çarşenbe güni tamamlandy. Ýöne Kompartiýanyň we döwletiň liderleriniň täzelenmegine indi garaşylýar.

Hytaýyň prezidenti Hu Žintao Pekiniň Maslahatlar Köşgünde 2 müň 200 delegatyň öňünde Kompartiýanyň gurultaýynyň jemleýji gününde eden çykyşynda Hytaýyň sosialistik gurluşyny öňe tarap hereket etdirmekde bu gurultaýyň örän möhüm bir ädim bolandygyny nygtady.

Şeýle hem, ol göz öňünde tutulýan reformalary durmuşa geçirmekde partiýanyň agzalaryny bir bitewülige çagyrdy.

“Partiýanyň ähli agzalary Merkezi Komitetiň daşyna ýakyndan jebisleşmelidirler we Hytaýyň özüne mahsus sosializmiň şygarlaryny belende götermelidirler. Biz reformalar syýasatyny durmuşa geçirmek üçin akylymyzy has açyklaşdyrmaly, öz güýç-kuwwatymyzy görkezip, kynçylyklary ýeňip geçmeli, Hytaýyň özüne mahsus sosializmiň ýoly bilen ynamly ýöremeli we häzirkizaman durkundaky hemmetaraplaýyn abadançylykly jemgyýeti gurmak ugrunda galkynmalydyrys” diýip, prezident Hu Žintao öz çykyşynda çagyryş etdi.

Ol özüniň bu çykyşynda partiýanyň wekillerini Hytaýyň ozalky lideri Ýang Zeminiň “Üç wekilçilik” ady bilen belli konsepsiýasyny gollanmaklyga-da çagyrdy. 2002-nji ýylda Hytaýyň Kompartiýasynyň düzgünnamasyna girizilen bu konsepsiýa hususy telekeçileriň-de bu partiýa girmeklerine gapylary açypdy.

Ýöne Hu Žintao bu “Üç wekilçilik” konsepsiýasyny partiýanyň agzalaryny korrupsiýa garşy göreşde ýokary moral standartlara eýermeklige çagyrmak kontekstinde ulandy.

Korrupsiýa çynlakaý mesele

Geçen hepde Kompartiýanyň gurultaýynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda-da prezident Hu Žintao partiýanyň hatarynda korrupsiýa garşy göreşde üstünlik gazanylmadyk halatynda, munuň “partiýanyň dargamagyna we döwletiň çagşamagyna” sebäp bolmagynyň mümkindigini nygtapdy.

Bu gurultaýyň yzy bilen, hepdäniň penşenbe güni Hytaýyň Kompartiýasynyň 200 agzadan ybarat Merkezi Komiteti partiýanyň kiçi we uly Politbýurosynyň düzümini saýlar.

Şol maslahatda-da prezident Hu Žintao öz wezipesinden çekilip, öz ornuny wise-prezident Si Szinpinge berer diýlip garaşylýar. Hepdäniň çarşenbe güni ýurduň “Ksinhua” döwlet habar agentligi wise-prezident Si Szinping bilen premýer-ministr Li Kesýanyň eýýäm, garaşylyşy ýaly, Merkezi Komitetiň agzalygyna saýlanandyklaryny habar berdi.

Kommunistik partiýanyň liderlik roluna esasy orun berýän Hytaý soňky birnäçe onýyllyklaryň dowamynda dünýäniň ykdysady taýdan iň bir ösen döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurtda henizem Marksizm-Leninizm ideaýalary aktiw wagyz edilýär.

“Sosializmiň bazar ykdysadyýeti” diýlen düşünje Hytaýyň konstitusiýasyna 1992-nji ýylda girizilipdi. Hytaýyň Kommunistik partiýasyny esaslandyryjy Mao Sze Dun bilen bir hatarda bu ýurduň ykdysady reformasynyň “atasy” hasaplanylýan partiýa liderlerinden biri Den Sýaopin Hytaýda iň bir hormatlanylýan şahsyýetler bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG