Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow bedewiň gözellik bäsleşigini geçirmegi karar etdi


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow her ýylyň aprel aýynda Bedew gününe gabatlap ahal-teke atynyň gözelligine bagyşlanylan ýörite halkara bäsleşigini geçirmek baradaky permana gol çekdi.

Bu perman boýunça şeýle bäsleşigi suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, foto-suratçylaryň, neşir işgärleriniň, dizaýnerleriň we tele-operatorlaryň arasynda-da geçirmeklik göz öňünde tutulýar.

Bu permana laýyklykda, türkmen bedewiniň şekili salnan iň owadan haly üçin 3 müň dollar, iň owadan şaý-sep üçin 2 müň dollar, türkmen bedewini şekillendirýän iň gowy surat eseri üçin 1 müň 500 dollar, iň gowy skulptura eseri üçin 1 müň dollar, iň gowy neşir önümi üçin 1 müň dollar we türkmen bedewiniň gözelligini açyp görkezýän iň gowy telewizion sýužet üçinem 1 müň dollar baýrak berler.
XS
SM
MD
LG