Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde alnyp gaçylan Merkezi Aziýa raýatlary


Orsýetdäki adam hukuklaryny goraýjy toparlar geçen ýylyň dowamynda ýurtda Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň azyndan 10 raýatynyň alnyp gaçylyp, öz ýurtlaryna iberilendigini aýdýarlar.

Orsýetdäki adam hukuklaryny goraýjy toparlar geçen ýylyň dowamynda ýurtda Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň azyndan 10 raýatynyň alnyp gaçylyp, öz ýurtlaryna iberilendigini aýdýarlar.

Orsýetdäki adam hukuklaryny goraýjy toparlar geçen ýylyň dowamynda ýurtda Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň azyndan 10 raýatynyň alnyp gaçylyp, öz ýurtlaryna iberilendigini aýdýarlar. Wakalaryň her birinde agzalýan raýatlar öz ýurtlaryna ekstradisiýa edilmekden gorkup, Orsýetden syýasy gaçybatalga sorapdylar. Sebäbi öz ýurtlarynda olaryň adalatsyz sud edilmekleri, hatda zorluga sezewar edilmekleri ahmaldy.

Murodjon Abdulhakow
Özbegistan

Ol 2011-nji ýylyň 23-nji awgustynda tussag edildi.

Abdulhakow häzir 33 ýaşynda. Ol Moskwanyň merkezinden graždan eşikli iki adam tarapyndan gündiziň güni, polisiýa işgärleriniň gözüniň öňünde, alnyp gaçyldy. Abdulhakow, Özbegistana ekstradisiýa edilmek üçin, şol gije Täjigistana ugradyldy.

Ol Özbegistana ekstradisiýa edilýänçä, Täjigistanda tussaglykda garaşmaly edilipdi. Abdulhakow dini ektremizmde aýyplanyp, Özbegistanyň resmileri tarapyndan gözlenýärdi. Abdulhakow üç aýdan soň boşadyldy. Ol häzirki döwürde Täjigistanda gizlenýär diýen pikir bar.

Adam Hukuklary boýunça Ýewropa sudy 2012-nji ýylyň oktýabyrynda Orsýetiň resmileriniň Abdulhakowyň alnyp gaçylmagyna göz ýumandygyny aýdyp, Moskowanyň 38 müň ýewro kompensasiýa tölemelidigi barada karar çykardy.

Suhrob Koziýew
Täjigistan

Ol 2011-nji ýylyň 23-nji awgustynda tutuldy.

Koziýewiň Özbegistanyň gadagan edilen yslam hereketi toparyna gatnaşygynyň bardygy aýdylyp, ol Täjigistan tarapyndan gözlenýärdi. Ol hem Abdulhakow ýaly Moskwada tussag edilipdi. Şondan soň ol, elinde pasportynyň ýa-da başga dokumentiniň ýokdugyna garamazdan, Domodedowo aeroportyndan Täjigistanyň Hojand şäherine ugradyldy.

Koziýew şol ýerde özüni öz islegi boýunça häkimiýetlere tabşyrandygy baradaky dokumente gol goýmaga mejbur edildi. 36 ýaşyndaky Koziýew şondan soň 28 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Sawriddin Juraýew
Täjigistan

Ol 2011-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda tutuldy.

Juraýew hem Koziýew ýaly gadagan edilen Özbegistan yslam hereketi toparyna gatnaşygynyň bardygy aýdylyp, täjik-özbek serhedinde tutulypdy. Juraýew bu aýyplamany boýun almaýar. Ol ekstradisiýa edilmegine garaşyp, 18 aý tussaglykda geçirip, türmeden boşadylmagyndan iki gün soň alnyp gaçyldy.

Häzir Juraýew 27 ýaşynda, oňa wagtlaýyn gaçybatalga berlip, ol BMG-niň Bosgunlar agentligi tarapyndan halkara goraga mätäç diýlip yglan edilen bosgun. Elinde pasporty bolmadyk, emma gaçybatalga alandygyna degişli şahadatnamasynyň bardygyna garamazdan, ol Domodedowo aeroportundan Hojand şäherine ugradylypdy.

Aprel aýynda ol 26 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Juraýewiň aýtmagyna görä, ol türmede zorluklara sezewar bolýar.

Rustam Zohidow
Özbegistan

Ol 2011-nji ýylyň 21-nji dekabrynda tutuldy.

Zohidow Sankt-Peterburgdaky öýünde tutuldy we şol gije Pulkowo şäheriniň aeroportundan Özbegistana iberildi. Asly Samarkand şäherinden bolan Zohidow jemgyýet üçin howply materiallary ýaýradanlykda, şeýle hem gadagan edilen Hizb ut-Tahrir yslam toparyna gatnaşygy barlykda aýyplanyp, gözlenýärdi. Zohidow Daşkent şäherine ugradylmazyndan öň Samarkantda tussag edilipdi. Onuň häzirki statusy barada maglumat ýok.

Nizomhon Juraýew
Täjigistan

Ol 2012-nji ýylyň 29-njy martynda tussag edildi.

45 ýaşly Juraýew Moskwada tussaglykdan boşadylan badyna ýitirim bolup, birnäçe günden soňra, pasportynyň we pulunyň ýoklugyna garamazdan, Duşanbe şäherinde peýda bolupdy. Juraýew parlamentiň öňki deputaty, şeýle hem täjik prezidentiniň maşgalasyna ýakyn gatnaşygy bolan telekeçi.

Şondan soňra täjik telewideniýesinde Juraýew bilen bagly görkezilen wideo ýazgyda, onuň Täjigistana gelip, etdi diýilýän galplyklary we korrupsiýasyny meýletin boýun alandygy aýdyldy.

Mundan dört ýyl öň Juraýewiň öňki biznes partnýorlary oňa garşy delil görkezmekleri üçin özleriniň basyşlara we elektrik urgularyna sezewar bolandyklaryny aýdypdylar. Mundan ozal adam hukuklaryny goraýjy "Amnesty International" guramasy, Täjigistana gaýdyp baran halatynda, Juraýewiň zorluklara sezewar bolmak howpunyň bardygyny aýdyp, beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG