Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: San-Fransiskada ýalaňaç gezmegi gadagan edýän kanun boýunça ses berler


ABŞ-da San-Fransiskanyň kanunçykaryjylary şäherde ýalaňaç ýagdaýda gezmegi gadagan edýän kanun taslamasy boýunça sişenbe güni ses bererler.

Kaliforniýa ştatynyň kanunlaryna görä, jemgyýetçilik ýerlerinde ýalaňaç ýagdaýda gezmek bolýar. Emma San-Fransiskanyň häkimiýetlerine şäheriň köçelerinde ýalaňaç adamlaryň ýygy-ýygydan duş gelinýändigine köp arz-şikaýat edilipdir.

Kanunçykaryjylar jemgyýetçilik ýerlerinde, şol sanda köçelerde, jemgyýetçilik transportlarynda jynsy organyny görkezmegi gadagan edýän kanun proýekti boýunça ses bererler.

Bu kanun güýje girse, onda ony ilkinji gezek bozana 100 dollar möçberinde jerime salnar, üçünji gezek kanuny bozana 500 dollar jerime salnar we 1 ýyl türme tussaglygy berlip bilner.

Jemgyýetçilik ýerlerinde ýalaňaç ýagdaýda gezmegi goldaýanlar, bu kanunyň söz azatlygyny bozýandygyny öňe sürüp, arz etdiler.
XS
SM
MD
LG