Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda ençeme oppozisiýa toparlarynyň petiklenilmegi mümkin


Gazagystanda resmiler iki sany oppozisiýa toparyny we birnäçe habar serişdelerini ekstremist hökmünde häsiýetlendirip, olary petiklejek bolýar.

Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň metbugat wekili Nurdaulet Suindikow bu barada çarşenbe güni mälim etdi.

Almatynyň prokuraturasy hasaba alynmadyk oppozision “Alga” (“Öňe”) partiýasyny we “Milli front” hereketini ekstremist hökmünde häsiýetlendirmegi haýyş edip, suda ýüz tutdy. Suindikow oppozision “Respublika” we “Wzglýad” gazetleriniň, şeýle-de “K Plýus” satelit telewideniýesiniň petiklenilmelidigini hem sözüne goşdy.

Gazagystanyň žurnalistler bileleşigi we media haklary boýunça “Adyl söz” topary prokuraturanyň bu hereketini ýazgyryp, munuň bikanundygyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG