Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Musulman liderler Yslamabatda sammite gatnaşdylar


Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari
Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari

Penşenbe güni sekiz sany musulman döwletiň ýolbaşçylary Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçirilen ykdysady sammite gatnaşdylar.

Prezident Asif Ali Zardari ösýän döwletleriň sekizliginiň duşuşygyny Yslamabatdaky prezident köşgünde açdy.Zardari demokratiýa, parahatçylyk we abadançylyk ýaly maksatlara diňe bilelikde ýetip boljagyny belledi.

Müsüriň prezidenti Muhammet Morsi Yslamabada saparyny iň soňky pursatda ýatyrdy. Müsür Gazada Ysraýyl bilen “Hamasyň” arasynda ok atyşygy togtatmak boýunça tagalla edip gelýär.

Yslamabatdaky sammite Müsüriň prezidentine derek wise-prezident Mahmud Mekki gatnaşdy.

Pakistandaky duşuşyga Eýranyň, Indoneziýanyň we Nigeriýanyň prezidentleri gatnaşdylar.Bagladeşden we Malaziýadan geňeşçi hem ministr derejelerdäki resmiler bardylar.

Ykdysady gatnaşyklary ösdürmek

Ösýän döwletleriň sekizligi 1997-nji ýylda musulman dünýäsiniň ösýän ykdysady sistemalarynyň arasynda has ýakyn ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin döredilipdi.


Yslamabatdaky ýokary derejeli duşuşyk ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselesi boýunça sekiz ýurduň resmileriniň arasynda geçirilen dört günlük gepleşikleriň netijesi boldy.

Döwletleriň merkezi banklarynyň ýolbaşçylary hem gepleşiklere gatnaşdy.

Duşuşyklaryň maksady agza döwletleriň arasyndaky söwdany 2018-nji ýyla çenli 130 milliard dollardan 507 milliard dollara çenli ardyrmakdan ybarat.

Penşenbe günki ýokary derejeli duşuşyk ykdysady gatnaşyklara we söwda hyzmatdaşlygyna gönükdirilen hem bolsa, gepleşikleriň uly bölegi Gazadaky we Siriýadaky konfliktlere degişli boldy.

Duşuşygyň geçýän wagty Pakistanyň iri şäherlerinde, şol sanda sammitiň geçýän ýerinden uzak bolmadyk Rawalpindi şäherinde dinara konfliktleriň möwç alýan döwrüne gabat geldi.
XS
SM
MD
LG