Sepleriň elýeterliligi

Şeýle bir gün geler...


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.

Şeýle bir gün geler...

Yşk şemaly epgek bolup öwsende,
Bilmersiň, nireden başynda hupbat...
Gülýaka gün bolup dogar göwsünde,
Täç bolup lowurdar başynda gupba.
Küren obaň gözi bir ýana bakar,
Sülmüräp, ýalbyrap suwa geçende.
Süwümsiz lak atar, görip at dakar...
(Özümizem bardyk şolaň içinde!)
Kimleri syraty armanda galdyr,
Gör, kimler ýuwdunyp, bakarlar bedrä...
Teşneligin diňe är kişi gandyr,
Ýöne erkek kişi aňkaryp büdrär.
Gyýalap, sen taýa öwrende durkun,
Bir doňduryp, bir gaýnadyp ganyňy,
Nämüçin duranyň beýlede dursun,
Unudýaň nämüçin ýaşaýanyňy!
Diýersiň: “Ezizim, kyn maňa sensiz...”
Ýüzüne çaýylar keteniň reňki.
Duýgy gizletdirmez, pyşyrdar sessiz:
“Olsem-ä ýeriňki, ölmesem seňki”.
Şeýle bir pursat ger – bar ejiriň hiç!
Gözüň ýeter bagta eýe bolanňa.
Şonda ökünersiň şu güne deňiç
Diňe özüň üçin ýaşap gelenňe.
Sypalar başyňy gaharly çagyň,
Azgyrylsaň dözer, igenseň dymar.
Ýöne... düşeginiň bozaýsaň çägin –
Müň sözüň deregne bir damja damar.
Ýerden alyp, ýere sokar sedasyz,
Gözler jigeriňi paralar, duzlar.
Göwre gujagyňda – mähre gedasyň,
Şondan ýaman zat ýok, ynanyň, duz bar!
Şeýle bir gün geler – pelle ýakyn bor...
Ýok, başga bir dertden gerdenim ýagyr:
Maňa
Goýup gitmek
Şeýle bir kyn bor,
A yzynda galmak –
Müň esse agyr...

***

Ak goşgy

Göçgünli aýdymlaň gyryldy sesi,

Düşdi sazlaň buýra-buýra saçlary.

Goşgularyň nyrhy çykdy püçege,

Süýt deý çogan gülkiň döküldi dişi.

Otly geçdi – soňky gezek hamana.

Toýnuk gurap, şuwlap ötdi durnalar.

Uly bagty iki bolup garşylap,

Indem iki sany betbagtlygy

Aýry-aýrylykda ugratjak bolýas.

Gyzgyn pyşyrdydan erän gulaklar

Zar boldy ýekeje mylaýym söze.

Seni aýasynda göteren eller

Bir gap otluçöpi saklap bilenok.

Tikeniň awusyn duýmadyk aýak

Mahmalyň üstünden ýöräp bilenok.

Meni öýe ýygnap bilmedik ýürek

Indi öýden daş çykaryp bilenok.

Bolanok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG