Sepleriň elýeterliligi

Çernobyl stansiýasynyň daşyna goşmaça örtgi örtülýär


Ýekşenbe güni Ukrainanyň ozalky Çernobyl atom stansiýasynda partlanan stansiýanyň daşyna goşmaça gorag örtgüsini oturtmak işine başlanyldy.

Ukrainanyň Döwlet atom kompaniýasy ýekşenbe güni agramy 5.3 tonnalyk we beýikligi 22 metrlik goşmaça gorag arkasynyň ozalky partlanan reaktoryň binasynyň üstüne eltilendigini mälim etdi.

Stansiýanyň partlanan binasynyň üstünde gurlan ozalky germewiň bölekleýin ýumrulandygy zerarly oňa goşmaça gorag örtgüsini gurmak zerurlygy ýüze çykypdy.

Geljekde bu täze gorag örtgüsi beýikligi 100 metr, uzynlygy 150 metr we ini 260 metr bolan äpet gorag binasyndan ybarat bolar.

1986-njy ýylyň aprelinde bu Çernobyl stansiýasynyň reaktorlaryndan biriniň partlamagy netijesinde daşky sreda uly möçberde howply radioaktiw elementler ýaýrapdy.
XS
SM
MD
LG