Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak boksçysynyň uzak ýoluň başyndaky üstünlikleri


Kanat Yslam (Ç), Nelson, Feliks Daýaz
Kanat Yslam (Ç), Nelson, Feliks Daýaz
Bu ýumruk urgusy hatda köpi gören boks janköerlerini hem tisginmäge mejbur etdi.

YouTubeda ýerleşdirileli bäri tasdan 16 müň gezek görlen wideoýazgyda gazak boksçysy Kanat Yslam ermenistanly Andranik Hakobiýany çep äňine urup, arkan serreldýär. Emin başy sämän Hakobianyň öz çüňküne ýaplanmagyna kömek etmekden ötri söweşi togtadýar.



Bu ösüp gelýän we şonuň bilen bir wagtda professional kämillige ymtylýan talanta gulluk edýän zoňtar güýç ýaly bir zat. Üstesine bu gowy başlangyç, ýöne öňde geçilmeli uzak ýol bar.

Yslam 24-nji noýabrda Bogotada kolumbiýaly Segundo Herrerany ýeňdi, ýagny ikinji raundda ýere serreltdi. Yslam häzir ýeňil orta agramly professional hökmünde 5-0, onuň ýeňişleriniň ählisi garşydaşyna nokaut bermekden gelýär.

Hytaýda doglan 28 ýaşly Yslam 2008-nji ýylyň Pekin Olimpiýadasynda Hytaýyň milli boks komandasynyň agzasy bolup, bürünç medal gazanypdy.

Ol özüniň ata-baba ýurduna 2009-njy ýylyň dekabrynda dolandy we öňki paýtagt Almatynyň golaýynda ýerleşdi. Ahyrynda gazak raýatlygyny hem aldy, ýöne ol 2012-nji ýylyň ýazynda, öz saýlap alan hünärine has köp yhlas siňdirmek maksady bilen, Birleşen Ştatlaryň günorta ştaty Florida göçdi.

Azatlyk Radiosynyň gazak gullugynyň maglumatlaryna görä, Yslam geçen tomus bolan London Olimpiadasynda Gazagystana wekilçilik edip bilmedi. Sebäbi ol munuň üçin ýaryşdan öň azyndan iki ýyl Gazagystanda ýaşamalydy ýa-da Hytaýdan Astana üçin söweşmäge rugsat berýän ýörite ygtyýarnama almalydy.

Yslamyň ýurduny çalyşmagyndan göwni galan Hytaý beýle rugsady bermedige meňzeýär.

Yslam Floridada Kubada doglan tälimçi Nelson Lopeziň ýolbaşçylygyndaky “Nelsons Promotion” bilen iki ýyllyk şertnama baglaşdy. Nelson Lopez 2008-nji ýylyň Olimpidasynda altyn medal alan we güýçli urgularyň ussady hasaplanýan Feliks Daýazyň, Dominikan respublikasynyň belli boksçysynyň deňinde goýulýar.

Yslam birnäçe hepde mundan öň Daýaz bilen bokslaşmak üçin Nelsonyň Günbatar Palma kenaryndaky bazasyndan Maýama gitdi. Bu altyn medally bilen bürünç medallynyň arasyndaky bäsleşik boldy.

"Bu gazakda gujur bar" diýip, Daýazyň aýdan sozleri Nelsonyň websaýtynda çap edildi. "Emma sen gujursuz gazagyň bardygyny bilýäňmi?"

Yslamyň Gazagystandaky öňki tälimçisi Tursungaly Edilow Azatlyk Radiosynyň gazak gullugyna Yslamyň öz ömrüni professional boksçulyga bagyşlamak kararyna gelendigini, şu sebäpden aýalyny we ogluny hem Florida alyp gidendigini gürrüň berdi.

Edilowyň pikirine görä, turuwbaşdan gazanýan üstünliklerine garamazdan, Yslamyň öňünde uly synaglar dur. Ol gelýän üç ýylda 20 ýa 30 bäsleşige çykmaly we, islendik dünýä derejesini gazanmak üçin, şol ýaryşlaryň ählisinde ýeňiş gazanmaly.

Nelsonyň websaýty Yslamyň indiki tutluşygynyň 30-njy noýabra bellenendigini we “ösmegi hem-de öz hünärini kämilleşdirmegi dowam etdirýändigini” ýazýar. Şeýle-de bu saýt ony ýeserlik bilen, ýöne ýöriteläp däl, “Kanat Slam” diýip atlandyrýar.

Belki-de bu lenç edilen galypdyr, ýöne men bir lakamyň döräp gelýänini duýýaryn.
XS
SM
MD
LG