Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň resmisi K.Aşton Gyrgyzystana sapar etdi


ÝB-niň daşary syýasat boýunça wekili K.Aşton we Gyrgyzystanyň daşary işler ministri E.Abdyldaýew, Bişkek, 27-nji noýabr, 2012.
ÝB-niň daşary syýasat boýunça wekili K.Aşton we Gyrgyzystanyň daşary işler ministri E.Abdyldaýew, Bişkek, 27-nji noýabr, 2012.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça wekili Katrin Aşton Gyrgyzystanyň paýtagtynda boldy. Bu onuň Merkezi Aziýa döwletlerine edýän saparynyň çäginde baran birinji ýurdy.

Aşton Bişkekde geçiren metbugat konferensiýasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň “umumy howpsuzlyk meseleleriniň” bardygyny aýtdy.

Aşton, hususan-da, Owganystandaky ýagdaýlaryň ara alynyp maslahat edilendigini belledi we howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmeli, diýip hasap edýändigini aýtdy.

Katrin Aşton bu çykyşyny Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Erlan Abdyldaýew bilen bile geçiren metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Aşton munuň öňüsyrasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ministrleriniň duşuşygyna baştutanlyk etdi.

Bu duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri, şeýle-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdylar.

Aşton taraplaryň ykdysady gatnaşyklary berkitmek we söwda hem maýa goýumlar boýunça gatnaşyklary üçin ähli mümkinçilikleri ösdürmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Aşton demokratiýa, ynsan hukuklary we graždan jemgyýetçiligini ösdürmek meselelerine hem degip geçilendigini belledi.

Erlan Abdyldaýew Ýewropa Bileleşiginden Gyrgyzystana “uly kömegiň” berilendigini belledi we Brussel bilen berk gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtady.

Abdyldaýew Ýewropa Bileleşiginiň Gyrgyzystanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de ol gepleşikleriň gün tertibiniň giň bolandygyny, demokratiýa we kanunyň hökmürowanlygy ýaly meseleleri hem öz içine alandygyny aýtdy.

Katrin Aşton Gyrgyzystana saparynyň dowamynda prezident Almazbek Atambaýew bilen hem gepleşik geçirdi.
28-nji noýabrda Aşton Özbegistana barar. Ondan soň Täjigistana we Gazagystana sapar eder.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy Aştona ýüzlenip, ony Merkezi Aziýada galplyk bilen tussag edilen aktiwistleriň boşadylmagy üçin tagalla etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG