Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG: Palestinanyň statusy boýunça ses berler


“Palestinany azat ediş” guramasynyň ýokary derejeli resmisi Hanan Aşrawy rezolýusiýa garşy ses berjek döwletleriň "ahlak gymmatlyklarynyň ters tarapynda boljakdygyny" aýtdy, 28-nji noýabr.

“Palestinany azat ediş” guramasynyň ýokary derejeli resmisi Hanan Aşrawy rezolýusiýa garşy ses berjek döwletleriň "ahlak gymmatlyklarynyň ters tarapynda boljakdygyny" aýtdy, 28-nji noýabr.

Penşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynda Palestinanyň statusyny ýokarlandyrmak baradaky rezolýusiýa boýunça ses berişlik geçiriler.

Palestinanyň missiýasynyň “synçy subýekt” statusyndan “synçy döwlet” statusyna geçirilmegi Palestina döwletiniň, şol sanda Iordan deýasynyň günbatar kenarynyň, Gaza zolagynyň we günorta Ierusalemiň döwlet hökmünde gytaklaýyn ykrar edilmegini aňladar.

Rezolýusiýa ösýän döwletleriň, şeýle hem ençeme Ýewropa döwletleriniň, şol sanda Fransiýanyň uly goldawyny gazanyp, kabul ediljege meňzeýär.

Onuň kabul edilmegi üçin 193 agzadan ybarat BMG-niň Baş assambleýasyndaky sada köplügiň goldaw sesi ýeterlikdir.

Orsýet bilen Hytaýyň hem ‘hawa’ diýip ses bermegine garaşylýar.

Birnäçe döwletiň, şol sanda Palestinanyň döwlet bolmagynyň göni gepleşiklere baglydygyny öňe sürýän Ysraýylyň we Birleşen Ştatlaryň ‘ýok’ diýmegine garaşylýar.

Çarşenbe güni Nýu-Ýorkda Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli iki diplomaty Palestina awtonomiýasynyň prezidenti Mahmud Abbas bilen duşuşdy, olar palestinalylary öz planlaryndan el çekmäge soňky gezek synanyşdylar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland Birleşen Ştatlaryň pozisiýasyny düşündirip, Palestinanyň BMG-niň üsti bilen döwlet bolup bilmejekdigini aýtdy.

“Biz synçy döwlet statusyna we bu rezolýusiýa garşydygymyzy palestinalylara açyk aýtdyk. Biz bu pozisiýany çarşenbe güni Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen Döwlet sekretarynyň orunbasary Uilliýam Börnsüň arasynda geçirilen duşuşykda hem gaýtaladyk. Börns palestinalylaryň aýdýan zady babatda, has takygy, Ysraýylyň ýanynda parahatçylykda ýaşaýan döwlet gurmak barada aýdýanlary boýunça bu rezolýusiýa netije berer diýip, hiç kimiň ham-hyýala girmeli däldigini nygtady” diýip, Nuland aýtdy.

Nuland BMG-niň hereketi netijesinde ABŞ-nyň Palestina berýän maliýe kömeginiň kesilip biljekdigi baradaky ABŞ-nyň duýduryşlaryny hem gaýtalady.

Geçen ýyl Birleşen Ştatlar Palestinanyň doly suratda döwlet bolmak boýunça Howpsuzlyk Geňeşinde eden synanyşyklaryny petikläpdi.

Şeýle hem geçen ýylyň oktýabr aýynda ÝUNESKO palestinalylary doly agzalyga kabul edenden soň, Birleşen Ştatlar BMG-niň bu medeniýet guramasyna goýberýän pullaryny kesipdi.

“Palestinany azat ediş” guramasynyň ýokary derejeli resmisi Hanan Aşrawy rezolýusiýa garşy ses berýän ýurtlar babatda ýiti çykyş etdi.

“Biz öňe barýas. Ysraýyl, ABŞ we barmak basyp sanaýmaly döwletler ahlak gymmatlyklarynyň, adalatyň we hukugyň ters tarapynda bolarlar. Belki biziň wagtymyz bilen ertir ýarygije siz BMG-niň Baş assambleýasyndaky ses berişligi görersiňiz, ol Palestinadaky taryhy halas boluş we şypa alyş prosesini başladar” diýip, Hanan aýtdy.

Watikanyňky ýaly, “synçy döwlet” statusyna eýe bolmak palestinalylara halkara guramalaryna, şol sanda Halkara jenaýat suduna goşulmaga mümkinçilik berer. Olar bu sudda söweş jenaýatlary boýunça Ysraýyla garşy çäräniň ugruna çykyp bilerler.

Aşrawy palestinalylaryň Halkara jenaýat suduna ýüz tutup-tutmajakdyklaryny aýtmady, emma bu ähtimallygy aradan aýyrmady.

Bu ses berişlik şu aýyň başynda Ysraýyl bilen Gaza zolagyndaky söweşijileriň arasynda bolan çaknyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi, şol çaknyşyklarda 150-den gowrak palestinaly we alty sany ysraýylly heläk boldy.
XS
SM
MD
LG