Sepleriň elýeterliligi

AEHG ýadro hyzmatdaşlygy boýunça öňegidişligiň ýokdugyny aýtdy


Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň ýolbaşçysyYukiýa Amano, Wena, 29-njy noýabr, 2012.

Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň ýolbaşçysyYukiýa Amano, Wena, 29-njy noýabr, 2012.

Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň ýolbaşçysy ýadro hyzmatdaşlygy boýunça öňegidişligiň ýokdugyny aýtdy.

Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň ýolbaşçysy Eýranyň ýadro programmasynyň çözülmedik mesele bolmagyna galýandygyny aýtdy.

Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň ýolbaşçylar geňeşiniň sişenbe güni Wenada geçiren maslahatynda Ýukiýa Amano Eýranyň ýadro programmasynyň harby maksatlara degişli bolup-bolmazlygy baradaky soraglara Tähranyň jogap bermegini gazanmak üçin ony hyzmatdaşlyga çekmekde “hiç bir öňegidişlik barada aýdyp bilmejegini” belledi.

Şeýle-de Amano Eýrana garşy halkara sanksiýalarynyň bu ýurduň ýadro programmasyna täsiriniň göz ilmeýändigini belledi.

Wenadaky duşuşygyň öňüsyrasynda Atom energiýasy boýunça halkara gullugy Eýranyň ýakyn wagtda ýerasty Fardow ýadro obýektinde urany baýlaşdyrmak boýunça has köp sentrifuga gurallaryny işledip biljekdigini habar beripdi.

Gullugyň her çärýekde çap edýän hasabatynda aýdylyşyna görä, Eýran Fordowdaky sentrifugalarynyň sanyny iki esse artdyryp 1 400 ýetirmekçi bolýar.

Fordow obýekti urany 20% derejesinde baýlaşdyrýar, bu bolsa onuň ýadro ýaragy üçin serişde hökmünde ulanylmagy üçin ýakyn bir dereje bolup durýar.

Günbatar döwletleri Eýranyň ulanýan gurallarynyň sanyny artdyrmak bilen ýadro bombalaryny döretmek üçin öz ukybyny hem artdyrýandygyny aýdýarlar. Emma bilermenler, Eýranyň ýadro ýaragyny döretmekden entek daşdadygyny we munuň üçin ençeme ýylyň talap ediljegini belleýärler.

Çarşenbe günki çykyşynda Amano Eýranyň Parçin diýilýän ýerde “hereket etmegini” dowam etdirýändigini belledi we bu hereketleriň “agentligiň barlag geçirmegine uly zyýan ýetirendigini” aýtdy.

Atom energiýasy boýunça halkara gullugy Eýranyň Parçin diýilýän ýerde partladyjy serişdeleriň synagyny on ýyldan gowrak wagt mundan ozal amala aşyrandygyny çak edýär. Emma Tähran eksperimental gurallaryň bolmagynyň çak edilýän harby-synag ýerlerine inspektorlaryň barmagyna rugsat bermedi.

Eýran Amano bilen şu ýylyň başynda Tähranda gelnen ilkinji ylalaşyklaryny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrdy we öz ýadro gurallarynyň halkara gözegçiler tarapyndan barlanmagyna rugsat bermedi.

35 ýurdy öz içine alýan Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň dolandyryjy geňeşi sentýabr aýynda Wenada geçiren ozalky duşuşygynda Tähranyň hereketlerine aladalanma bildiripdi. Tähran BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna garamazdan urany baýlaşdyrmak işini dowam etdirýär.

Amano Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň Eýran bilen indiki duşuşygynyň 13-nji dekabrda Tähranda boljagyny aýtdy.

Tähran öz adyna edilýän aýyplamalary ret edýär we ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG