Sepleriň elýeterliligi

Kairde prezident Mürsüniň tarapdarlary demonstrasiýa ýygnandy


Şenbe güni Müsüriň paýtagty Kairde yslamçy aktiwistleriň müňlerçesi prezident Muhammad Mürsüni we täze konstitusiýanyň taslamasyny goldap, demonstrasiýa ýygnandy.

Anna güni Müsüriň ýörite Geňeşi täze konstitusiýanyň taslamasynyň doly işlenilip taýýarlanandygyny yglan etdi. Ýöne Müsüriň liberal we hristian toparlary bu täze konstitusiýanyň raýatlaryň fundamental hukuklaryna wehim salýandygyny aýdyp, bu konstitusiýanyň taslamasyna garşy çykyş edýärler.

Mundan daşary, oppozision toparlar konstitusiýanyň taslamasynyň üstünde iş alyp baran Geňeşiň düzümine aglaba “Musulman doganlygy” partiýasyndan prezidentiň tarapdarlarynyň girendigini aýdyp, muny tankyt edýärler.

Prezident Mürsi täze konstitusiýanyň taslamasyny şu dynç alyş güni tassyklar diýlip garaşylýar. Ondan soň konstitusiýanyň taslamasy dekabryň ortalarynda ähliumumy referendumda ilatyň ses bermegine goýlar.
XS
SM
MD
LG