Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nuri al-Mäliki etniki konfliktiň bolmak howpunyň bardygyny aýdýar


Şenbe güni Yragyň premýer-ministri Nuri al-Mäliki arap-kürt dawalaryny gowşatmak maksady bilen geçirilen gepleşikleriň şowsuz tamamlanmagynyň yzy bilen ýurtda etniki konfliktleriň möwç almak howpunyň bardygyny aýdyp, beýanat etdi.

Bagdatda geçirilen metbugat konferensiýasynda eden bu çykyşynda ol “Eger etniki konfliktler ýüze çyksa, munuň örän ýakymsyz we agyryly konflikt” boljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem, ol bular ýaly etniki konfliktleriň kürtleriňem, araplaryňam, türkmenleriňem bähbidine bolmajakdygyny nygtady.

Geçen anna güni Yragyň awtonom Kürdüstan regionynyň hökümeti merkezi hökümet bilen gepleşikleriň başa barmazlygynyň sebäbini Yragyň demirgazyk regionyna gözegçilik edýän ýörite harby komandowaniýäni ýatyrmak barada Kürdüstan hökümetiniň eden haýyşynyn ret edilendigi bilen düşündirdi.
XS
SM
MD
LG