Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti aspirantura, doktorantura üçin kwotany tassyklady


Türkmenistanyň prezidenti soňky hökümet maslahatynda 2013-nji ýyl üçin aspirantura, doktorantura kabul etmek we alymlyk derejesini almak boýunça kwotany tassyklady.

TDH gullugynyň tassyklanan dokumente salgylanyp beren maglumatyna görä, geljek ýylda aspirantura 55, doktorantura 2, kliniki ordinatura 42 adam kabul ediler, ylymlaryň kandidaty boýunça alymlyk derejesine 241, ylymlaryň doktory boýunça alymlyk derejesine bolsa 9 adam registrasiýa ediler.

Ýokary bilimden soňky alynýan alymlyk derejesiniň ýurtda ýaşlara terbiýe bermekde we ýaş alymlary taýýarlamakda, halk hojalygynyň pudaklary üçin spesialistleriň professional derejelerini kämilleşdirmekde uly rol oýnaýandygy aýdylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we ýokary bilimden soňky alymlyk derejeleri öňki prezident Saparmyrat Niýazowyň permany bilen ýatyrylypdy. Bu 2007-nji ýylda täzeden dikeldildi.
XS
SM
MD
LG