Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda ýene bir oppozisiýa saýty petiklendi


Gazagystanda sud oppozision guljan.org web saýtyny üç aý möhlet bilen togtatdy.

Saýtyň baş redaktory Gujan Erghaliýewanyň çarşenbe güni beren maglumatyna görä, Almatynyň sudy özüniň bu kararyna hiç hili düşündiriş bermändir.

Geçen aý Gazagystanyň Baş prokuraturasy suda ýüzlenip, iki oppozisiýa toparynyň we ençeme habar beriş serişdeleriniň “ekstremistiki” diýip, ykrar edilmegi üçin ýüz tutupdy.

Mundan soň, hasaba alynmadyk oppozision “Alga” partiýasynyň we iň azyndan üç habar serişdesiniň işi togtadyldy.
XS
SM
MD
LG