Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şiralynyň irkiräk goşgulary


Galam we kagyz
Galam we kagyz
Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ýaşaýan şahyr Şiralynyň irkiräk ýazan iki goşgusy.

Eý, Taňrym!
Meniň şeýle halkym bardy – buýsançly!
Şeýle bir merdemsi, şeýle namysjaň...

Şeýle uzak ýüz öwürdin Sen ondan!
Goräýmäge indi bir bar ünsüňi
Beräýmeli bolduň gerek türkmene.

Sag bol, Taňrym!
Hat-petekden başy çykdy türkmeniň,
Oňa möhür berdiň, wezipe berdiň,
Kabinetler berdiň – kabulhanaly,
Oň döşüne ýyldyz, egnine pogon,
Biline-de dakdyň gara sapança,
Öwretdiň ýat dilde adam satmagy,
Öz öýün ýykmaga buldozer berdiň,
Hem tank berdiň – öz üstünden sürmäge,
Dürre berdiň – bir-birini urmaga...

Garaz, oňa hiç bahana goýmadyň
Arz edere, närazylyk bildire.

Özüm-ä, dogrusy, arzam edemok,
Diňe bir zat haýyş edesim gelýä:

Şu çaka çen ähli beren zadyňy
Al yzyna, Taňrym, gaýtar söwdany.
Ählisiniň öwezine ber gaýdyp
Bir-ä ak sähramy, birem atymy.
Awgust, 1991 ý.
* * *

Muza

Kä şeýle pikir gelýä ukuda,
Ýaltanýaň düşekden turup ýazmaga.
Ajap pikir gelenine ökünip,
Elin salgap, gidiberýä gezmäge.

«Gitjek ýeri bolmaz düzüw zat bolsa,
Köşeşdiren bolýaň özüňi senem,
Biderek zat bolsa owarram gitsin,
Gowy zat bolsa-da geler-dä ýenem!»

Şahyryn ykbaly şeýle bir ynjyk,
Kä gujaklar, kä iteklär – aýal deý.
Ýürek maslahatyn almadyk beýni
Ýuwaş-ýuwaş gurap gider Aral deý.

Barjak ýerimizde galam-kagyz ýok,
Ne güneş bar, ne çyra bar, ne şem bar!
Sanalgyň dolanda gülüp gitjek bol,
Başga oňa ne derman bar, ne em bar.

Hiç haçan bimahal gelmeýän ylham
Turýançaň garaşmaz, gaýdybam gelmez...
Bärde towsup tur-da, ýapyş galama,
O ýerde başartmaz. O ýerde bolmaz.
Sentýabr, 2004 ý.
XS
SM
MD
LG