Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenkonyň işi boýunça hasabat ýaýradyldy


ABŞ-nyň meşhur ýuridiki firmasynyň hasabatynda “agyr pursatda” Ýulia Timoşenkonyň aklawjy bilen üpjün edilmändigi aýdylýar.
ABŞ-nyň meşhur ýuridiki firmasynyň hasabatynda “agyr pursatda” Ýulia Timoşenkonyň aklawjy bilen üpjün edilmändigi aýdylýar.
Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýulia Timoşenkonyň sud işi boýunça ABŞ-nyň meşhur ýuridiki firmasynyň geçiren analizi aklawjylaryň alyp baran işiniň “günbataryň hukuk proseduralarynyň standartlaryna gabat gelmeýän derejede garalanandygynyň” üstüni açdy.

Şol bir wagtyň özünde, Timoşenka garşy bildirilýän aýyplamalaryň sud prosesinde deliller bilen berkidilendigi aýdylýar.

“Skadden, Arps, Slate, Meagher & Flom” firmasynyň taýýarlan bu analizi Ukrainanyň hökümeti tarapyndan tölendi. ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Ak Tamdaky öňki adwokaty Gregory Kreýg bu hasabatyň esasy awtorydyr.

2012-nji ýylyň sentýabrynda taýýarlanan bu hasabat penşenbe güni ýaýradyldy.

Bu hasabatda “agyr pursatda” Ýulia Timoşenkonyň aklawjy bilen üpjün edilmändigi we onuň adwokatlarynyň esasy şaýatlary çagyrmak mümkinçiliginden mahrum edilendigi aýdylýar.

“The Telegraph” gazeti Kreýga salgylanyp, işe degişli ähli şaýatlary çagyrmaga (Timoşenka) rugsat berilmändigini ýazýar. Şeýle hem, aýdylmagyna görä, sud diňlenişiginde adwokatyň wekilçiligi bolmazdan prokuroryň delilleri getirilipdir.

Sud edilýän döwürde Timoşenkonyň tussag astynda saklanmagy “ýeterlikli delillendirilmändir” diýlip, hasabatda bellenilýär.

Hasabatda görkezilen şeýle netijeler Timoşenkonyň Adam hukuklary boýunça Ýewropa suduna beren appilýasiýasyna kömek edip bilerdi.
Awgust aýynda Fransiýanyň Strazburgdaky sudy bu iş boýunça ilkinji açyk diňlenişigini geçirdi. Häzir bu iş ýapyk gapylaryň aňyrsynda öwrenilýär.

Deliller sorag astynda

“The New York Times” gazetine beren interwýusynda Kreýg Timoşenkonyň işiniň aňyrsynda syýasy matlaplar bar bolsa, oňa beýlekiler tarapyndan baha berilmelidigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, hasabatyň awtorlary Timoşenkonyň syýasy matlaplary subut edýän ýeterlikli delilleri bermändigini aýdýarlar. Olar şeýle delilleriň bolan ýagdaýynda, Amerikanyň standartlary boýunça, Timoşenko bildirilen aýyplamalary ýatyryp bolardy diýýärler.

2009-njy ýylda Orsýet bilen gaz söwdasy boýunça gepleşiklerde wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, Timoşenko ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Häzir ol Ukrainanyň gündogaryndaky türmesinde saklanýar.


“The Telegraph” gazetiniň ýazmagyna görä, maglumat toplamak üçin hasabatyň awtorlary Timoşenko bilen bäş sagatlap interwýu geçiripdirler.

Timoşenkonyň aklawjysy Sergeý Wlasenko “The New York Times” gazetine beren interwýusynda hasabatyň birtaraplaýyndygyny aýtdy. Ol awtorlara Ukrain hökümetiniň töländigini we onuň garaşsyz däldigini nygtady.
XS
SM
MD
LG