Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde Politkowskaýanyň işi boýunça ýyl kesildi


Orsýetde bir polisiýa işgäri Anna Politkowskaýanyň ölümine ilteşikli bolmakda aýyplanyp, 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Anna güni Moskwanyň sudy Dmitriý Pawlýuçenkowy Politkowskaýany yzarlamakda we ony öldüreni ýarag bilen üpjün etmekde günäli tapyldy.

Şeýle-de sud Pawlýuçenkowy Politkowskaýanyň maşgalasyna 3 million rubl ($97,800) jerime tölemeli etdi.

Politkowskaýa Putiniň dolandyryşynda parahorlugy we syýasaty tankytlap taýýarlan materiallary bilen meşhurlyk gazandy. Ol 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda öz öýüniň basgançak meýdançasynda atylyp öldürildi.
XS
SM
MD
LG