Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde ýarag gözegçiligini gowşatmaga çagyrýarlar


Sapançalar

Sapançalar

Geçen hepde ABŞ-nyň Konnektikut ştatynyň başlangyç mekdebinde bolan köpçülikleýin gyrgynçylyk bu ýurtda ýaragyň saklanyşyna berkräk gözegçilik edilmeli diýen çagyryşlaryň güýjemegine getirdi.

Emma bu wakanyň bolan ýerinden müňlerçe kilometr uzaklykda - Moskwada ýarag lobbistleri şol wakadan başgaça netije çykardylar. Ýagny, olar ýarag edinmäge gözegçiligi gowşatmaga çagyrýarlar.

ABŞ-nyň iň täsirli “National rifle association” atly ýaraglar boýunça lobbi topary jemi 26 adamyň, şol sanda 20 çaganyň ölümine getiren tragediýadan soň köpçülikleýin beýanat bilen çykyş etmek üçin birnäçe gün garaşan bolsa, düýbi Moskwada ýerleşýän “Ýarag edinmek hukugy” atly lobbi topary şol tragediýadan sanlyja sagat geçmänkä ýaraglardan peýdalanmak ygtyýarlygynynyň giňeldilmegine çagyryp, beýanat ýaýratdy.

"Bu atyşykda atly mugallym öldürildi. Bu alty adam şol çagalary diňe öz elleri bilen gorap bilerdi" diýip, guramanyň düýbüni tutujylaryndan biri, 24 ýaşly Mariýa Butina aýtdy. "Şol wakany amala aşyran ganhor, bu gyrgynçylygy hiç kimde ýaragyň bolmajakdygyny bilip planlaşdyrypdy" diýip, Butina belledi.

Halkyň aktiwligi, galyberse-de soňky döwürlerde ýygylaşýan şeýle wakalar sebäpli ýarag temasy soňky günlerde telewizion kanallaryň gün tertibinden düşmeýär. Şeýle ýagdaýda, mundan bir ýyl öň asla ady hem eşidilmeýän Orsýetdäki “Ýarag edinmek hukugy” hereketi mundan beýläk öz wezipesiniň adamlaryň ýarag edinmegini aňsatlaşdyrmak üçin Orsýetiň raýatlaryny razy etmekden ybaratdygyny aýdýar.

Olaryň ritorikasy ABŞ-nyň ýarag lobbisi tarapyndan höweslendirilene meňzeýär. 1-nji dekabrda 80-ne golaý adam ýarag edinmegini goldap, Moskwa meýdanynda geçiren ýörişinde ”Kantri” aýdym-saz toparynyň meşhur ýyldyzy Jonno Kaşiň "Ýaragyňy şähere äkitme" diýen aýdymy ýaňlandy.

Mariýa Butina

Mariýa Butina

ABŞ-nyň konstitutsiýasynyň ýarag edinmäge rugsat berýän ikinji düzedişinden tapawutlylykda Orsýetiň esasy kanunynda beýle ygtyýarlyklar berilmeýär.

Emma ABŞ-da ýerleşýän ”National rifle association” lobbi toparynyň hem agzasydygyny aýdýan, Butina ýarag edinmegiň raýat hukugydygyny aýdýar: "Eger ýarag götermäge rugsadyň bolmasa, onda biziň konstitusiýamyzdaky ýaşamak üçin berilýän hukugyň manysy näme? Eger biri özüni goramak islese, onuň [goranmaga] mümkinçiligi ýok".

Aktiwistleriň ýene biri Artýom Rýabow ýylyň dowamynda bolup geçen köpçülikleýin protestleriň ýurtdaky ýagdaýyň örän durnuksyzdygyny görkezýändigini aýtdy. 37 ýaşly öňki kompýuter sistemalarynyň operatory häzirki ýagdaýy 1917-nji ýyl bilen deňeşdirdi. Onuň aýtmagyna görä, bolşewik rewolýusiýasyna garşylyk görkezenler ýaragsyz bolandyklary sebäpli "zalymlygy" duruzmak üçin hiç zat edip bilmändirler.

"Orsýetiň kyn ýagdaýdadygy syrly zat däl. Ony durnuklaşdyrmak üçin ilki bilen edilmeli iň wajyp zat - bu raýatlara ýarag götermäge rugsat berilmeli. Bu kadadan çykýan ýagdaý bolsa-da, raýatlary rahatlandyrar" diýip, Rýabow aýdýar.

Butina we beýleki guramaçylar "Ýarag edinmek hukugy" hereketiniň syýasy däldigini aýtsalar-da, ýörişe gatnaşanlaryň köpüsiniň ellerinde milletçi baýdaklary ýa-da milletçi simwollary bardy.

Ölüm derejesi beýleki ýewropa ýurtlary bilen deňeşdirilende has ýokary bolan ýurtda ýarag edinmek ygtyýarlygyny giňeltmeli diýip, adamlaryň köpçüligini ynandyrmak kyn bolsa gerek.

2011-nji ýylda Lewada merkezi tarapyndan geçirilen pikir soralyşykda jogap berenleriň 80%-i ýarag götermekligiň ygtyýarlyklarynyň giňeldilmegine garşy boljakdyklaryny aýdypdylar.

Häzirki kanuna laýyklykda, Orsýetiň raýatlary goranmak maksady bilen tekiz nilli uzynnil tüpeňini hem seçmedan we öldürmek howpy bolmadyk ýaraglardan gaz sapançasyny we elektroşok sapançasyny edinip bilýärler. Ölüm howpuny salýan ähli ýaraglar bolsa bikanun.

19-njy dekabrda geçirilen ýygnakda Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew ýaragyň jemgyýet üçin howpludygyny we olary edinmek baradaky kanunyň giňeldilmeli däldigini aýtdy: "ABŞ-nyň kanunlary Orsýet üçin laýyk gelmeýär, hatda ABŞ-nyň özüne-de laýyk gelmeýär. Olar Baş kanunyndaky käbir düzedişlere guwanýarlar, emma [şol düzedişler bilen bagly] aklap bolmajak elhenç ýagdaýlar ýüze çykýär".

Her niçigem bolsa “Ýarag edimek hukugy” hereketi Orsýetiň oppozisiýasynyň we dolandyrýan “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň käbir agzalary tarapyndan makullanyldy.

Iýul aýynda Federasiýa Geňeşiniň sözçüsi şeýle hem “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň agzasy Aleksandr Torşin ýanýaraglar baradaky kanuny giňeltmek üçin ýüz tutmagyň planlaryny ykrar etdi.

Oppozisioner we korrupsiýa garşy blogger Alekseý Nawalnyý, şeýle-de Döwlet Dumasynyň öňki deputaty Gennadiý Gudkow ýaly şahsyýetler jenaýatdan goranmakda ýaragyň iň soňky serişdedigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG